Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bin­de türk­men döw­le­ti­ni we jem­gy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, uzak möh­letle­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny goý­jak oňyn öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da eden uly mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, pu­dak­lar bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler hem-de türk­men hal­ky­nyň mun­dan beý­läk-de bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ama­la aşy­ryl­jak mak­sat­na­ma­lar ba­ra­da du­rup geç­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Halk Mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zy ag­rar ül­ke­den se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­mek üçin mä­lim eden kä­bir san­la­ry we mag­lu­mat­la­ry ta­ry­hy taý­dan gys­ga wagt­da uly möç­ber­li iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň
bat­ly ga­dam­la­ry
Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýy­ly­nyň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze goý­lan esa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 350 es­se­den hem köp art­dy we 500 mil­liard ma­na­da ýa-da 185 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laýlady.
Mu­nuň 68 gö­te­ri­mi, ýag­ny 335 mil­liard ma­na­da ýa-da 124 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy önüm­çi­lik pu­da­gy­na gönük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler 2600-den gowrak önüm­çi­lik-teh­ni­ki we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ry gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Ýur­du­myz­da köp pu­dak­ly yk­dy­sa­dy­ýet dö­re­dil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz dür­li ugur­la­ry – elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, ne­bit­gaz, ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, elekt­ron, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty pu­dak­la­ry­ny hem-de beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.
Or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di.

NE­BIT­GAZ SE­NA­GA­TY
Ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan esasy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Hy­ta­ýa we Eý­ra­na tä­ze gaz ge­çi­riji­le­riň gu­rul­ma­gy­ny, şeý­le hem Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny gör­kez­mek bo­lar.
“Gal­ky­nyş” gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge 8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­rildi.
Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lipro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sinde te­bi­gy gaz­dan “Euro-5” öl­çe­gi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­niň (gaz ben­ziniň) ýyl­da 600 müň ton­na­sy­ny ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar.

SE­NA­GAT PU­DA­GY
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da we­la­ýat­la­ry­myz­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 7 sa­ny kuw­wat­ly, hä­zir­ki za­man elekt­rik stan­si­ýala­ry gu­rul­dy. Şo­la­ryň bi­ri – ut­gaş­dy­ry­lan gör­nüş­de iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy ýa­ňy-ýa­kyn­da Ma­ry şä­he­rin­de işe gi­ri­zil­di.
Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da ýyl­da 1 mil­li­on 400 müň ton­na ka­liý hlo­ri­di­ni ön­dür­ýän kär­ha­na gu­rul­dy.
Ma­ry şä­he­rin­de ýyl­da 400 müň ton­na am­mi­ak we 640 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän döw­re­bap za­wod işe gi­ri­zil­di.
Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýa­pon we türk kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bi­le­lik­de, ýyl­da 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy.

ULAG WE ARA­GAT­NA­ŞYK UL­GA­MY
Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy.
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de kö­p u­gur­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rinden üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy.
Ýur­du­myz­da gur­lan köp­rü­ler hem mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ra öw­rül­di. Di­ňe Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den bäş sa­ny de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­si gu­rul­dy.
“De­mir­ga­zyk – Gü­nor­ta” we Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na de­mir ýol­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýük­le­ri Gü­nor­ta Hy­ta­ýyň ke­nar­la­ryn­dan Pars aý­la­gy­nyň ba­zar­la­ry­na has amat­ly ýag­daý­da elt­mä­ge şert dö­ret­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­men­ba­şy – Fa­rap we Aş­ga­bat – Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we dur­ku­ny tä­ze­lemek iş­le­ri hem giň ge­rimde do­wam ed­ýär.
Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myz älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şo­nuň ne­ti­jesin­de, halk ho­ja­ly­gyn­da iň kä­mil ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­wi­de­ni­ýe hem-de in­ter­net ul­gam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar.

YLYM-BI­LIM, SAG­LY­GY GO­RA­ÝYŞ,
ME­DE­NI­ÝET WE SPORT
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da 509 sa­ny hä­zir­ki za­man tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry açyl­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, mul­ti­me­di­ýa ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edil­di.
Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di.
Di­ňe soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da Kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa, Mor­fo­lo­gi­ýa hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­kez­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit­len­mek, Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­kez­le­ri, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi açyldy. Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy, we­la­ýat­lar­da “Tiz kö­mek” mer­kez­le­ri işe gi­ri­zil­di.
Hä­zir ýur­du­myz­da 122 sa­ny has­sa­ha­na iş­le­ýär. Köp bö­le­gi oba ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän sag­lyk öý­le­ri­niň ul­ga­my giň geri­me eýe bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti diý­lip yk­rar edil­me­gi Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň ga­za­nan iň uly üs­tün­li­gi­miz­dir.
Ge­çen ýyl ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azi­ýa oýun­la­ry, ýakynda geçirilen “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si Ga­raş­syz döwle­ti­mi­zi tu­tuş dün­ýä­de iri sport ýa­ryş­la­ry­ny hal­ka­ra de­re­je­de gu­ra­ma­ga ukyp­ly ýurt hök­mün­de ta­nat­dy.
Hä­zir ýur­du­myz­da teatr­la­ryň 10-sy, mu­zeý­le­riň 36-sy, ki­tap­ha­na­la­ryň hem 230-sy iş­le­ýär. Her ýyl bir hep­dä­niň do­wamyn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri mil­li çe­per dö­re­di­ji­lik we me­de­ni­ýet baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­lip, ga­dy­my mi­ra­sy­myza buý­sanç duý­gy­my­zy art­dyr­ýar.

OBA­SE­NA­GAT TOP­LU­MY
Ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­me­gi hem-de iş to­pa­ry­nyň çöz­gü­di esa­syn­da ýer­le­ri 99 ýyl möh­let bi­len is­leg bil­dir­ýän­le­re ber­mek göz öňün­de tu­tul­dy.
Bö­lü­nip ber­len ýer­le­riň 70 gö­te­ri­min­de pag­ta we bug­daý ek­mek, ga­lan 30 gö­te­ri­min­de bol­sa beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekinle­ri­ni ýe­tiş­dir­mek mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­ýar.
Daý­han bir­le­şik­le­ri­ne hem-de ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na suw ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak ýer gaz­ýan teh­ni­ka­la­ry we bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin, 10 ýyl möh­le­te çen­li ýyl­da 1 gö­terim ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

«Zaman–Türkmenistan».