BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýan ýurdumyzda hem bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2012-nji ýylyň 31-nji martynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunda sürüjileriň we pyýadalaryň hukuklary, borçlary doly derejede görkezilendir. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygynyň sürüjileriň we pyýadalaryň birek-birege hormatly gatnaşyklary esasynda üpjün edilip bilinjekdigi hemmelere mälimdir. Kanuna laýyklykda, ýol hereketinde pyýada ýolagçylar artykmaçlyklardan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi. Oňa gönüden-göni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan howandarlyk edilýär.
Indi birnäçe ýyldan bäri, has takygy, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip, yglan edilen 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda hem biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Berkarar döwletimiziň asudalygyny, abadanlygyny, agzybir halkymyzyň saglygyny goraýan bu çäräniň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapandygy aýratyn bellärliklidir. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygynyň kepili bolup durýar. Ömrümiziň rahatlygy bolsa, elbetde, saglyk atly baş baýlygyň gözbaşydyr. Türkmenistanda biraýlygyň çäklerinde ähli ýerlerde dürli çäreler, şol sanda pudaklaýyn maslahatlar, umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu mowzuga degişli bäsleşikler guraldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň ähli derejedäki guramalary, işjeň agzalarymyz, şeýle hem beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda, şol sanda Awtomobil ulaglary ministrliginiň etrabymyzdaky awtoulag kärhanasynda, etrap pagta egriji fabriginde bilelikde guran wagyz-nesihat duşuşyklarymyz has-da köp adamly boldy. Çünki raýatlaryň köçe-ýol hereketlerini, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden geçmegiň, şeýle-de ýol belgileriniň kadalaryny dogry berjaý etmegi köp derejede wagyz-nesihat düşündiriş işleriniň giňden alnyp barylmagyna baglydyr. Bu işleriň geçirilmegi öz oňyn netijelerini berýär. Bilelikde geçirilýän çärelerde ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin gürrüň berip, hususan-da, tehniki taýdan näsaz bolan awtoulaglary sürmegiň, awtoulag dolandyrylanda ugruňy duýdansyz we nädogry üýtgetmegiň, serhoş ýagdaýda ulaga münmegiň, howpsuzlyk kemerini dakynmazlygyň, ýolyşygyň gadagan ediji reňkinde geçmegiň, pyýadalaryň ünsüniň ýolda bolmazlygynyň, uly we köp ulagly çatryklarda ýerasty geçelgelerden peýdalanylmazlygynyň, ýol hereketinde bellenilmedik ýerlerden geçilmeginiň, telefonda gürleşilmeginiň ýa-da awtobusdan düşülende köçeden nädogry geçilmeginiň howply hadysalara getirýändigi, şeýle biperwaýlyklaryň, hatda öwezini dolup bolmajak ýagdaýlara hem eltýändigi barada anyk mysallara salgylanyp, nygtap geçýärler. Şeýle hem bu meselede ýol hereketiniň düzgünleriniň ähli ýerde dogry berjaý edilmegine gözegçiligiň artdyrylýandygy hem aýdylýar. Bu çärelere gatnaşýan lukmanlarymyz bolsa, ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde alynýan şikesler, onuň adam ömrüne ýetirýän zyýany, kähalatlarda bolsa öwezini dolup bolmajak heläkçilikli ýagdaýlara getirýändigini mysallar arkaly düşündirýärler. Şeýle habar beriş-düşündiriş häsiýetli wagyz-nesihat işlerimiz, duşuşyklarymyz ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Nurana ýollarymyzda hereket edýän dürli kysymly ulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzda ýollar bu ýagdaýlary nazara almak arkaly gurulýar. Köçelerimiz giňeldilip, sowma ýollar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar, döwrebap yşyklandyryjy enjamlar oturdylýar. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän uly aladalarynyň netijesinde, durmuşa geçirilýär.
Bagta atarýan şeýle şaýollarymyzyň lowurdaýan ýalkymynda hemişe ýurdumyzyň parahatlygyna, il-günümiziň agzybirligine guwanmak miýesser etsin! Goý, türkmen halkyny bagtly, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ynsan saglygy hakynda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Mahmyt Ýazow,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap
birleşmesiniň başlygy.