Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň baş baý­ra­my – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 27 ýyl­lyk to­ýy uludan toý­landy­. Bu şan­ly baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän iki aja­ýyp eseri – “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­bynyň ikinjisi hem-de “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly tä­ze ki­ta­by çap­dan çy­kyp, oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di.
Bu gym­mat­ly eser­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň türk­men hal­ky­na öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bol­dy.
Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze eser­le­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ese­riň ikin­ji ki­ta­byn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz anyk ta­ry­hy çeş­me­ler­den top­la­nan ta­kyk mag­lu­mat­la­ra, ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne, tä­sin su­rat­la­ra, et­nog­ra­fik gym­mat­lyk­la­ra da­ýan­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň tu­tuş adam­za­dyň ösü­şi­ne güýç­li tä­si­ri­ni ýe­ti­ren Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­ne öw­rül­me­gin­dä­ki ta­ry­hy or­nu­na ba­ha ber­ýär. Aw­to­ryň dö­re­di­ji­lik pi­ki­ri: “Jeý­hun­dan Ha­za­ra çen­li”, “Gü­nor­ta­dan De­mir­ga­zy­ga ta­rap ugur” at­ly bö­lüm­le­riň için­dä­ki “Amul – Merw”, “Merw – Nu­saý”, “Par­fi­ýa­dan Gir­ka­ni­ýa çen­li”, “Zemm – Gür­genç”, “Hy­rat­dan Mer­we ýol”, “Kö­pet­dag­dan Üst­ýur­da çen­li” at­ly bap­la­ry özün­de jem­le­ýän bu ki­ta­byň gur­lu­şyn­da-da öz giň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň uza­ýan çä­gi­niň bu öz­bo­luş­ly sy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri söw­da we me­de­ni ýol­la­ryň mer­ke­zin­de ýer­le­şen ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­ni we ta­ry­hy ýer­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň “ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny” özün­de jem­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly tä­ze ki­ta­by Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir su­but­na­ma­sy­dyr. Ki­tap iki bö­lüm­den yba­rat­dyr. Bi­rin­ji bö­lüm Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr. Ki­ta­byň ikin­ji ba­by dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, mak­ro­yk­dy­sa­dy de­ňöl­çeg­li­li­gi hem-de da­şa­ry-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp­dyr. On­da 2030-njy ýy­la çen­li mil­li stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry, mak­sat­la­ry hem-de ile­ri tu­tul­ýan ýol­la­ry kes­git­le­nil­di, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň we­zi­pe­le­ri be­ýan edil­di. Türk­me­nis­tan­da döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gyň öň­de go­ýan mak­sat­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň inkl­ýu­ziw, giň gur­şaw­ly ösü­şi ba­bat­da­ky esa­sy çä­re­le­ri be­ýan edil­di.

Annagül MEDEDOWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.