Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň hem-de hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li we re­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty bu mö­hüm we­zi­pe­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mu­nuň özi di­ňe bir çig ma­ly ga­zyp al­mak däl, eý­sem, ony içer­ki ba­zar­lar­da bol­şy ýa­ly, da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýan ýo­ka­ry hil­li dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da düýp­li gaý­ta­dan iş­le­me­gi öz içi­ne al­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, te­bi­gy gaz ýan­gyç hök­mün­de elekt­rik ener­gi­ýa ön­dür­mek­lik­de ula­ny­lan­da-da daş­ky gur­şa­wa ed­ýän tä­si­ri bo­ýun­ça eko­lo­gi­ýa taý­dan iň amat­ly ug­le­wo­do­rod çig ma­ly ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da te­bi­gy ga­zy di­ňe ýan­gyç hök­mün­de ulan­man, eý­sem, gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly gym­mat­ly önüm­ler alyn­ýar. Ýur­du­myz te­bi­gy ga­zyň ägirt uly muk­da­ry­na eýe bol­mak bi­len, ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Hu­su­san-da, hi­mi­ýa, gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty we beý­le­ki pu­dak­lar üçin ze­rur bo­lan te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Te­bi­gy gaz örän gym­mat­ly ener­ge­ti­ki we hi­mi­ki se­riş­de ha­sap­lan­ýar. Te­bi­gy ga­zyň dü­zü­min­dä­ki me­tan, etan, pro­pan ug­le­wo­do­rod­la­ry ge­liý, kü­kürt wo­do­rod ýa­ly mad­da­lar­dan me­til spir­ti­ni, po­li­mer ma­te­ri­al­la­ry, be­lok-wi­ta­min kon­sent­rat­la­ry­ny, ge­liý ga­zy­ny, aras­sa kü­kür­di al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň 27 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ulan­ma­ga ber­len çig ma­ly te­bi­gy gaz bo­lan “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. Ga­ra­bo­gaz­köl türk­men aý­la­gy se­na­gat möç­ber­le­rin­de nat­riý sul­fa­ty­nyň we beý­le­ki gym­mat­ly mi­ne­ral­la­ryň te­bi­gy şert­ler­de eme­le gel­me­gi­niň Ýer ýü­zün­de seý­rek ga­bat gel­ýän kün­jek­le­ri­niň bi­ri­dir. Aý­la­gyň ke­na­ryn­da kar­ba­mid za­wo­dy­nyň gu­rul­ma­gy sul­fat se­na­ga­ty üçin yg­ty­bar­ly çig mal bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat eder, bu aý­la­gyň “al­tyn düý­bi” bar di­ýip, ha­sap edil­ýär. Bu tas­la­ma ýur­du­my­zyň mi­ne­ral se­na­ga­ty­nyň köp pu­dak­ly gör­nü­şi­niň ke­ma­la gel­me­gin­de no­bat­da­ky ädim­dir.
Za­wod her gi­je-gün­diz­de 2 müň ton­na, ýyl­da 660 müň ton­na am­mia­gy ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär, ol ga­ryş­dy­ry­lan ga­ty azot önü­mi bo­lup, kar­ba­mid önüm­çi­li­gin­de esa­sy çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Bu ýer­de bir gi­je-gün­diz­de 3 müň 500 ton­na, ýyl­da bol­sa, 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni ön­dü­ri­ler, ola­ry de­ňiz ýol­la­ry bi­len eks­port et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu se­na­gat des­ga­sy­nyň do­ly kuw­wa­ty­na çy­ka­ryl­ma­gy bi­len ýur­du­myz­da kar­ba­mid önüm­çi­li­gi­niň möç­ber­le­ri 2 mil­li­on ton­na­dan gow­rak möç­be­re ýe­ti­ri­ler.
Hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na de­giş­li tä­ze kär­ha­na­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň tu­tuş se­na­gat dü­zü­mi­niň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di we onuň ýo­ka­ry hil­li ösü­şi­ni, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny şert­len­dir­di. Mu­nuň özi äh­li ba­bat­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň art­ma­gy­na, ha­ryt­lyk tek­lip­le­ri has-da gi­ňel­dip we go­wu­lan­dy­ryp, da­şa­rky ba­zar­la­ra çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
“Türk­men top­ra­gy­nyň äh­li baý­ly­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­na we aba­dan­çy­ly­gy­na gul­luk et­me­li­dir”. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän we di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, hyz­mat­daş döw­let­le­re bäh­bit ge­tir­ýän yk­dy­sa­dy hem-de dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Beg­han An­na­sä­he­dow,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.