13-nji sentýabrda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen pajygaly ýertitremesine bagyşlanyp döredilen «Halk hakydasy» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmen dramaturgiýasynyň görnükli wekili Gadam Kakabaýewiň eseri esasynda ýazylan bu täsirli spektakly Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrdy. Ýurdumyzyň sungat işgärleri, teatr muşdaklary, hünärmenler, giň halk köpçüligi we ýaşlar bu möhüm medeni wakanyň ilkinji tomaşaçylary boldular hem-de täze sahna eserine ýokary baha berdiler.

Sahna oýny başlananda, alypbaryjy Süleýman Eminow 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesiniň elhenç pajygasy barada durup geçip, ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ösüşlere, bagtyýarlyga beslenýändigi baradaky jümleleri okady. Spektakl Aşgabatdaky gyzlar mekdebindäki asuda, parahat we şadyýan durmuşyndan başlap, ýarygijeden soň ýeriň goduklamagy bilen birden güýçli duýgulara we tolgunmalara beslenen pursatlara geçdi. Sahnada ýörite guralan mekdebiň binasy we beýleki desgalar tomaşaçylaryň gözüniň alnynda ýumrulyp, tozanlap ýere girip gitdi, bu bolsa zaldakylara özlerini hakyky heläkçiligiň içindäki ýaly duýmaga we wakanyň agyr täsirine düşmäge mümkinçilik berdi.
Döredijilik topary tarapyndan şäherdäki dörän yzan-çuwanlyklar, ermeni lukmanynyň gaýduwsyz halas ediş işleri, zyndandan gaçanlaryň etmişleriniň paş edilmegi we agtyklaryny ýitiren enäniň agyr ýürek ody çynlakaý hem-de ussatlyk bilen açylyp görkezildi. Spektaklda aýlanýan sahnanyň inženerçilik taýdan dogry we ýerlikli ulanylmagy wakalaryň dürli pursatlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýerine ýetirmäge uly ýardam berdi. Mämmet Hydyrowyň saz bezegi, tanymal kompozitorlar Daňatar Hydyrowyň we Rejep Rejepowyň ýaňlanan özboluşly mukamlary, şeýle-de Batyr Bekmyradow bilen Mekan Annamyradowyň utgaşykly sahna bezegi spektaklyň ideýa-çeperçilik mazmunyny has-da baýlaşdyryp, unudylmadyk täsir galdyrdy.
Handurdy Berdiýew, Öwez Gelenow, Gülşat Meňliýewa, Oguljan Bekiýewa, Serdar Bäşimow, Söhbet Täçmämmedow, Jeren Garajaýewa we beýleki ussat artistler gahrymanlaryň içki duýgularynda çuňňur ýaşap, hasratly hem-de agyr pursatlary kämil derejede, ýokary professionallyk bilen ýüze çykardylar. Tomaşaçylaryň gözýaşdan dolan gözleri olaryň ýüregindäki agyr duýgulary oýaryp, şol ýyllaryň hasratyna gaplady hem-de olaryň çuňňur oýlanmagyna sebäp boldy.
1948-nji ýylyň 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilýän gijesi ýüze çykan pajyga her bir türkmen maşgalasynyň kalbynda bitmez ýara galdyran hem bolsa, gün-günden özgerýän ak mermerli Aşgabat şol elhenç kynçylyklary mertlik bilen ýeňip geçen türkmen halkynyň sarsmaz ruhy galkynyşynyň we ösüşiniň hakyky nyşanydyr. Bu täze sahna oýny ýurdumyzyň teatr durmuşyny has-da baýlaşdyrýan, milli aň-düşünjäni we taryhy hakydany pugtalandyrýan hakyky hem-de täsirli sungat eseri hökmünde uly seslenme döretdi.
PDF








