Angliýanyň Liga Kubogynda 1/8 finala çykan toparlaryň ýene-de 4-si belli boldy. “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Braýton” topary bilen duşuşdy. Ýer eýeleri oýnuň başlarynda 2 minutda Laseý (8) bilen Mountyň (10) gollary esasynda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 1-nji ýarymyň ahyrynda geçirden gollarynyň biriniň öwezini dolan “Braýton” 2-nji ýarymyň başlarynda ýene-de 2 pökgini mankunianlaryň derwezesinden girizdi. Ýagny 45+1-nji minutda Kostulas aratapawudy 1 gola düşürdi. 65-nji minutda Gross hasaby deňlese, 69-njy minutda De Kýoýper ýeňiş goluny geçirdi. “Mançester Ýunaýtede” hasaby deňlemek ýa-da öňe saýlanmak başartmady. “Mançester Ýunaýted” 50 ýyldan soň 2-0 öňe geçen duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. “Mançester Ýunaýted” ýeňiş gazanan bolsady, onda janköýerler 1/8 finalda Mançester derbisine tomaşa edip bilerdi.

“Aston Willa” myhmançylykda “Kowentri” bilen duşuşyp, Abraham (7, 59) hem-de Barkliniň (40) gollary esasynda 3-1 ýeňdi.

“Ewerton” öz meýdançasynda “Wulwerhempton” toparyny Alkarasyň 80-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda utdy.

4-nji ligada çykyş edýän “Flitwud” topary bolsa 2-nji liganyň wekili “Şeffild Ýunaýtedi” Norrington-Dewisiň 57-nji minutdaky awtogoly bilen 1-0 ýeňdi. Taryhynda ilkinji gezek iň gowy 16 toparyň arasyna goşulan “Flitwud” 1/8 finalda “Arsenaly” kabul eder.

1/8 finalyň soňky wekili “Mançester Siti” ýa-da “Norwiç Siti” bolar. Iki topar şu gije duşuşar.

1/8 finalyň duşuşyklary oktýabr aýynyň 27-28-ine geçiriler. 1/8 finalda “Liwerpul” – “Çelsi”, “Fulham” – “Kristal Palas”, “Ewerton” – “Nýukasl”, “Sanderland” – “Brentford”, “Bornmut” – “Arsenal”, 3-nji liganyň 2 wekili “Bredford Siti”– “Peterboro Ýunaýted”, “Flitwud” – “Arsenal” duşuşyklary oýnalar.