Azi­ýa döw­let­le­ri, şol san­da Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu se­bit­de umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Türk­me­nis­tan se­bi­tiň we dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­ny mö­hüm hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­la­ýar. Bu dost­luk­ly ýurt bi­len gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, uzak möh­let­le­ýin­lik esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry hem uly ne­ti­je­le­re bes­le­nip, türk­men-ko­reý hyz­ma­daş­ly­gy­nyň ýyl­ýaz­gy­syn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy.
1992-nji ýy­lyň 7-nji few­ra­lyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len ýur­du­my­zyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şon­dan bä­ri ge­çen döw­rüň için­de deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär we iş­jeň­leş­ýär. Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de hem giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Türk­me­nis­tan­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy­nyň açy­lmagy, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Se­ul­da Türkmenistanyň il­çi­ha­na­sy­nyň açylmagy uzak­möh­let­le­ýin, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gu­ral­ýan däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy ok­gun­ly ös­dür­mä­ge ýar­dam et­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­rip, iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly se­na­gat, ulag-ara­gat­na­şyk, ylym we me­de­ni­ýet, sport ýa­ly ugur­larda ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Ýa­şyl ener­ge­ti­ka, san­ly­laş­dyr­ma we ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly bo­lup dur­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de türk­men-ko­reý par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da giň ta­gal­la­ edil­ýär. Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry, «Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy – Türk­me­nis­tan» par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry köp ýyl­dan bäri he­re­ket edip gel­ýär.
«Mer­ke­zi Azi­ýa – Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy» hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my se­bit döw­let­le­ri bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin dö­re­di­len mö­hüm se­bit plat­for­ma­sy­dyr. 16-njy sent­ýab­r­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mi­t türk­men-ko­reý hem-de Ko­re­ýa – Mer­ke­zi Azi­ýa hyz­mat­daş­ly­gyn­da mö­hüm ädi­me öw­rül­di.
Öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy gur­lu­şyň hem-de me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Ko­re­ýa we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň bäş döw­le­ti 1992-nji ýyl­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gyn­dan bä­ri aý­ra­tyn ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­di­ler. Oza­ly bi­len, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len he­mi­şe­lik «Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy – Mer­ke­zi Azi­ýa» hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­nyň sek­re­ta­ria­ty 2017-nji ýy­lyň 10-njy iýu­lyn­da Ko­re­ýa Gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da res­mi taý­dan işe gi­ri­zil­di.
2025-nji ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň bäş ýur­du­na ama­la aşy­ry­lan eks­port 8,6 mil­liard ABŞ dol­la­ry­na deň bo­lan bol­sa, im­port 1,3 mil­liard ABŞ dol­la­ry bol­dy. Ko­re­ýa­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa go­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň umu­my je­mi 6,4 mil­liard ABŞ dol­la­ry­na ýet­di.

Batyr NOWRUZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.