Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly özgerişlikleri başdan geçirýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyz bäri geçen döwürde ýurdumyz ykdysady, medeni galkynyşlaryň, asudalygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde halkara giňişliginde özüni ykrar etdirdi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz – beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik ösüş ýoly hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze mazmun, belent ruh we egsilmez kuwwat bilen dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmekde kabul edilen döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçmek we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu gün özüniň aýdyň miwelerini berýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda gazanylan her bir üstünlik ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artmagyna hyzmat edýär. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherdir obalarynda uly gurluşyk-binagärlik işleri bellenilýän meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hatarynda dünýäde giňden ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki zaman ylmynyň ösen tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň işini üstünlikli alyp barýan, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan bilimli hünärmenler ýaşlardyr. Halk hojalygynyň pudaklaryndaky ösen tilsimatlardan oňat baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmegi buýsançly ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar. Ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýar. Biziň alyp barýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyz syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly döwlete öwrüldi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr.
Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizde egsilmez guwanç, buýsanç döredýär. Biz ýurdumyzy rowaçlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Geldimyrat AMANDURDYÝEW,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
PDF







