Albaniýa 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmaga umyt edýär we bu ugurda parlament köpçüligi tarapyndan degişli maksatlar kesgitlenildi. Bu barada Albaniýanyň parlamentindäki Sosialistik partiýanyň fraksiýasynyň başlygy Taulant Balla habar berdi.
Häkimiýet başyndaky Sosialistik partiýanyň başlygy, Premýer-ministr Edi Ramanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bu ýerde esasy maksat hökmünde ÝB-ne girmek boýunça gepleşikleri 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, Albaniýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýurdunyň ÝB-niň doly hukukly agzasyna öwrülmegini gazanmagy maksat edinýärler.
Şunuň bilen baglylykda, fraksiýanyň Baştutany gepleşikleriň indiki Roždestwo çenli tamamlanmagyny hem-de 27 agza döwletiň parlamentlerinde tassyklama işleriniň 2028-nji ýylyň dowamynda geçirilmegine garaşylýandygyny mälim etdi.
Bu syýasy işleriň dowamynda, noýabr aýynda Albaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Balkan ýurdunyň Bileleşige girmegi boýunça gepleşikleriň çäginde soňky klasteriň açylandygy bellenilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň 14-nji iýulynda Albaniýa ylym, bilim, medeniýet we daşky gatnaşyklar boýunça ÝB bilen alnyp barylýan gepleşikleriň ilkinji tapgyrlaryny üstünlikli tamamlady.
PDF








