Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ tarapynyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy. Saparyň çäklerinde Hytaýyň lideri ABŞ-nyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de global parahatçylyga we ösüşe degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Hytaýly kärdeşi bilen birlikde hormat garawulynyň hataryndan geçen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Andrews” awiabazasynda myhmana aýratyn hormat goýandygyny görkezdi.
Uçaryň öňünde haly düşelip, harby aýdym-saz topary iki ýurduň döwlet senalaryny ýerine ýetirdi hem-de artilleriýa salýuty atyldy. ABŞ-nyň Prezidenti we birinji hanym Melaniýa Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny hem-de onuň aýaly Pen Liýuany awtoulagda ugradyp, özleri dikuçarda gitdiler. “Financial Times” gazetiniň belleýşi ýaly, bu garşy alyş ABŞ-nyň 60 ýyldan gowrak wagt bäri protokol kadalaryndan ilkinji gezek çykandygyny we Hytaý tarapyna çuňňur sarpa goýulýandygyny äşgär edýär.
Hytaý Lideriniň bu gezekki döwlet sapary 23-25-nji sentýabr aralygyny öz içine alýar. Mundan öň, ABŞ-nyň Prezidenti şu ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda Hytaýa sapar edipdi. Si Szinpiniň ABŞ-a ilkinji döwlet sapary 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylyp, şonda ol Sietl, Waşington we Nýu-Ýork şäherlerinde bolupdy, şeýle hem 2016-njy, 2017-nji we 2023-nji ýyllarda dürli halkara çäreleriň hem-de duşuşyklaryň çäklerinde ABŞ-da saparda bolupdy.
PDF








