Awtomatlaşdyrylan enjamlaryň önümçilik pudagynda has giňden ulanylmagy işçileriň zähmetini aňsatlaşdyrýar. Bütindünýä Ykdysady Forumynyň (WEF) soňky barlagyna görä, 2025-nji ýyla çenli häzirki edilýän işleriň ýaryndan gowragyny robotlar ýerine ýetirer. Halkara guramanyň bilermenleri öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary we beýleki hünärmenler bilen bilelikde bu barada giňişleýin barlag geçirdiler. Onuň netijesinde adamlar üçin täze dörediljek iş orunlary barada hem maglumat berilýär. Ýakyn geljekde maşyn we kompýuter programmalaryny işletmek üçin has ökde hünärmenlere zerurlyk artar. Merkezi edarasy Şweýsariýada ýerleşýän halkara gurama bolan WEF-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda işleriň 29 göterimini önümçilikde we hyzmat pudagynda ulanylýan maşynlar ýerine ýetirýär. Barlaglara görä, robotlar buhgalteriýa, müşderiler bilen işleşmek, senagat, poçta we kätiplik ýaly işleri awtomatlaşdyrylan ulgamlar arkaly aňsatlyk bilen ýerine ýetirerler. Satuw, marketing we müşderilere edilýän hyzmatlar ýaly adamyň ukybyny talap edýän işler hem enjamlaryň kömegi bilen aňsatlaşar. Emma, emeli aň, robotlaşdyrylan ulgamlar we beýleki täze ugurlar aradan aýrylan işlerden has köp mümkinçilik hödürlejekdigi üçin işsizlik meselesiniň ýüze çykmajakdygy bellenilip geçilýär.
Dördünji senagat öwrülişigi diýlip atlandyrylýan bu ösüşler 75 million iş ornuny ýok edip, 133 million täze iş ornuny döreder. WEF-iň Täze ykdysadyýet we jemgyýetçilik merkeziniň başlygy Saadiýa Zahidi şereketleriň işgärleriniň okuwa we täze işlere taýýar bolmagynyň ykdysady zerurlykdygyna ünsi çekip, geljegi nazarlaýan başlangyçlaryň bolmadyk ýagdaýynda kärhanalaryň zyýan çekjekdigini aýdýar.
Bu ugurda mundan ozalky ylmy barlaglarda awtomatizasiýanyň iş orunlaryny azaltjakdygy öňe sürülýärdi. “Bank of England” tarapyndan 2015-nji ýylda taýýarlanan ylmy işde 2035-nji ýyla çenli ABŞ-da 80 million, Birleşen Patyşalykda 15 million iş ornunyň ýok boljakdygy çaklanylýardy. “McKinsey” şereketi tarapyndan taýýarlanan ylmy işde bolsa, täze tehnologiýalaryň 2030-njy ýyla çenli ýok etjek iş orny bilen deňeçer täze iş orunlaryny döretjekdigi aýdylýar.
Ylmy barlaglar 12 pudakda iş alyp barýan kompaniýalar bilen bilelikde geçirilip, oňa 20 ýurtdan dünýä derejesinde iş alyp barýan 300 kompaniýa gatnaşypdyr. Olaryň jemi 15 milliondan gowrak işgäri bolup, olaryň degişli döwletleri dünýä ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň 70 göterimini emele getirýär.