Go­laý­da “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň tä­ze smart­fon­la­ry­ny we on­da­ky aý­ra­tyn­lyk­la­ry köp­çü­li­ge gör­kez­di. Tä­ze te­le­fon­lar­dan “iP­ho­ne XS”-dä­ki “eSIM” aý­ra­tyn­ly­gy hem­mä­niň ün­sü­ni çek­di. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, ozal­ky sim­kart­lar has ulu­rak­dy. Olar soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň için­de iki ge­zek ki­çel­dil­di. Soň­ky te­le­fon­lar­da hem ki­çi sim­kart­lar ula­nyl­ýar. “eSIM” bol­sa, eli­miz bi­len tu­tup bol­ýan fi­zi­ki kart däl. Ol “akyl­ly” te­le­fo­nyň için­de gel­ýän örän ki­çi çip­den yba­rat. Onuň iş­le­me­gi üçin ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän ope­ra­to­ryň bu tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny gol­da­ýan bol­ma­gy ze­rur. Şol se­bäp­li hä­zir­lik­çe “iP­ho­ne XS” we “XS Max” smart­fon­la­ryn­da ýerleşdirilen bu teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­de o di­ýen ýaý­ran däl. Bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly tä­ze te­le­fon bel­gi­si al­nan­da, onuň SIM kar­ty­ny ça­lyş­ma­ga ze­rur­lyk duýul­maýar. “eSIM”-iň bir te­le­fon­da iki bel­gi ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi, em­ma iki bel­gi­ni birwagt­da ula­nyp bol­ma­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le hem bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly bir­nä­çe en­ja­my bir bel­gä bi­rik­di­rip hem bol­ýar. As­lyn­da, bu teh­no­lo­gi­ýa tä­ze­lik däl. “Sam­sung” 2016-njy ýyl­da çy­ka­ran “akyl­ly” sa­ga­dy “Ge­ar S2”-de şeý­le sim­kart­dan peý­da­la­nyp­dy.
“App­le” bol­sa, “akyl­ly” sa­gat­la­ryň üçün­ji nus­ga­syn­da bu teh­no­lo­gi­ýa­ny ulan­ýar. “eSIM” na­no SIM kart­lar­dan hem ki­çi bo­lan­soň, “akyl­ly” sa­gat­lar üçin örän amat­ly bol­ýar. “Go­og­le”-yň “Pixel 2” sa­ga­dyn­da hem “eSIM” bar. Tä­ze “iP­ho­ne”-da ada­ty sim­kart öý­jük­le­riniň hem bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Tä­ze “eSIM” teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny Glo­bal mo­bil ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry (GSMA) bi­le­le­şi­gi hem ka­bul ed­ýär. Em­ma tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny iş ýü­zün­de dün­ýä­niň on ýur­dun­da­ky Awst­ri­ýa, Ka­na­da, Hor­wa­ti­ýa, Çe­hi­ýa, Weng­ri­ýa, Hin­dis­tan, Is­pa­ni­ýa, Ang­li­ýa we ABŞ-da­ky kä­bir ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ula­nyp bol­ýar.