Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan taýýarlanan Ýaş alymlar geňeşiniň agzalarynyň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we talyplaryň ylmy we ylmy-usuly işleriniň makalalarynyň ýygyndysy çapdan çykdy.

“Ylmyň täze çyragy: ýaş alymlaryň innowasion pikirleri we taslamalary” atly ylmy makalalar ýygyndysy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, magistrantlarynyň we ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylyp, olaryň ylym, innowasiýa we önümçilik ulgamlaryndaky täzeçil çözgütlerini hem-de ylmy-usuly gözleglerini jemleýär. Ýygyndyda sanly ykdysadyýetden başlap, “ýaşyl” energetika, emeli aň we medeni mirasyň sanlylaşdyrylmagyna çenli giň gerimli möhüm meseleler şöhlelendirilýär. Neşir ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy berkitmäge we innowasion taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna itergi bermäge hyzmat edýär.