“Al-Nassr” klubunda çykyş edýän senegally ýyldyz futbolçy Sadio Mane haýyr-sahawat işlerine gatnaşýandygy bilen hem tanalýar. Ol esasan hem, öz önüp-ösen şäherine, obasyna uly mukdarda-da maýa goýmagyny dowam edýär. Ýyldyz oýunçy özüniň doglan şäheri Bambalide Agro-Industrial Parkyň gurluşygynyň düýbüni tutuş çäresine gatnaşdy. Mane bu oba-hojalyk we senagat maksatly uly taslama üçin 20 million dollar möçberinde maýa goýar.

Bu taslamada gurluşygyndan başlap, soňlugy bilen, 2000 adam üçin iş orunlaryny döreder, sebitiň ýaşaýyjylaryny dürli görnüşdäki miwe önümçiligi bilen üpjün eder.
Mane mundan öňem öz ýaşan ýerine keselhana, mekdep, futbol meýdançalaryny gurduryp beripdi. Şeýle-de, internet ulgamyndan peýdalanar ýaly mümkinçilikleri döredipdi.
PDF








