27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Soňra Birleşen harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip nygtady.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.