1-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemledi.

Foruma ýurdumyzdan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Singapur, Saud Arabystany, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Şweýsariýa, Malaýziýa, Niderlandlar Patyşalygy, Belgiýa, Katar ýaly ýurtlardan 700-den gowrak wekiliň gatnaşmagy okgunly ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen özara bähbitli maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga dünýä giňişliginde gyzyklanmanyň uludygyny aýdyň görkezýär. Myhmanhananyň girelgesinde halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň eserlerine hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň işlerine bagyşlanan sergi guralypdyr. Bu ýerde gatnaşyjylar milli mirasymyza degişli sowgatlyk önümler, şeýle hem ýurdumyzda gurulmagy teklip edilýän taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Onuň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitleýär we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini açyp görkezýän wideorolige tomaşa etdiler. Onda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler gurluşygy dowam edýän taslamalar barada anyk maglumatlar berilýär.

Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär.

Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň indi birnäçe ýyl bäri 6,3 göterim derejede saklanylmagy ykdysady ösüşiň durnukly häsiýete eýedigini görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzda 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Onuň agramly bölegi bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Plenar mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, täze tehnologiýalary, döwrebap enjamlary ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr.

Sanly ulgama geçmegi we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary tehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna ykdysady işjeňligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin möhüm strategik ugur hökmünde görkezip bolar. Bu babatda alnyp barylýan işler, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak bilen, ýurduň gülläp ösmegi üçin möhüm binýady üpjün edýär.

Plenar mejlisde çykyş eden dostlukly döwletleriň wekilleriniň nygtamagyna görä, geçen 35 ýylyň içinde ýurduň gazanan ägirt uly üstünlikleri daşary ýurtly maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlenendir.

Daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we geçirilýän iri halkara taslamalaryň ählumumy ösüşi we parahatçylygy berkitmäge ýardam berýändigini aýratyn bellediler. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we başga-da birnäçe halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde maýa goýum taslamalarynda ulagyň ähli görnüşlerini halkara derejede ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär we ýokary netijeler gazanylýar.

Soňra Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýörite mejlislerde dowam etdi.

«Energetika taýdan durnuklylyk we ygtybarlylyk. Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa senagaty pudagyndaky ileri tutulýan ugurlaryň ösüşi» atly mejlisde degişli pudaklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi.

«Ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň kepili hökmünde energetika arabaglanyşygy we energetika howpsuzlygy. Ykdysadyýetiň senagat-gurluşyk pudaklaryny ösdürmek» atly mejlisde bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmäge ygrarlydyr.

«Durnukly söwdany we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek. Täze söwda bazarlaryna çykmak. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we ony ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanmagyň görnüşleri» atly mejlisde çykyş edenler söwdanyň amallarynyň we düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň, sebit arabaglanyşygynyň durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

«Oba hojalyk işewürligi, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we onuň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlar. Howanyň üýtgemegi we durnukly geljek üçin çydamly infrastruktura» atly mejlisde toplumy ulgamlaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynda şu gün «Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategik ugry. Halkara maliýe guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk», «Wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýalaryny ornaşdyrmak», «Innowasiýalar, maliýe tehnologiýalary. Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we «ýaşyl» özgertmeler» atly mejlisler hem-de «Maýa goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi» atly ugurdaş maslahat geçiriler.