UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 4-nji toparçasynda Portugaliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Daniýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Kristiano Ronaldonyň milli toparyň türgenleşigini terk etmegi mesele öwrülen hem bolsa, Portugaliýa super ýyldyzsyz ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Çekeleşikli geçen oýunda Portugaliýa 4-2 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymda portugallar 2 gezek öňe geçse-de, her saparynda ýer eýeleri hasaby deňledi. 13-nji minutda Žoao Kanselonyň goluna 23-nji minutda Damsgor, 25-nji minutda Gonzalu Ramuşyň goluna-da 53-nji minutda Hýoýlunn jogap berdi.

Oýnuň 67-nji minutynda Witinýanyň, 87-nji minutda-da Žoao Feliksiň gollaryna bolsa daniýalylar jogap berip bilmedi. Şeýlelikde, Portugaliýanyň ýygyndysy Ronaldonyň çykyş etmedik 2-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda ýaryşa ýeňiş bilen başlan Norwegiýa myhmançylykda Uelsden 2-1 hasabynda asgyn geldi. Britan adasynyň wekiline ýeňiş getiren gollary 38-nji minutda Daniel Jeýms bilen 48-nji minutda Neko Williams geçirdi. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan Norwegiýanyň ýeke-täk goluny-da 11-nji minutda Oskar Bobb derwezä girizdi.

Häzirki wagtda bu toparçada Portugaliýanyň 9, Daniýadyr Norwegiýanyň hem-de Uelsiň 3 utugy bar. 4-nji oktýabrda oýnaljak Portugaliýa – Norwegiýa duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazansa, onda olar çärýek finala atlaryny ýazdyrarlar. Şol gün Uels bilenem Daniýa duşuşar.