2-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 114,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, toplumyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
PDF








