30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda «Üstaşyr geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligi» mowzugy boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady iki goňşy ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda üstaşyr amallar boýunça özara tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Türkmenistandaky Okuw merkeziniň binýadynda geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň degişli bölümleriniň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň gümrükhanalarynyň, şeýle hem degişli gümrük nokatlarynyň 16 sany harby gullukçysy gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda taraplar iki ýurduň serhetlerinden üstaşyr geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini guramagyň häzirki zaman usullary, gümrük serhedinde resmileşdirilýän resminamalaryň kanunçylyk binýady we amallaryny tizleşdirmek boýunça çäreler babatda özara tejribe alyşdylar.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar halkara üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gümrük serhetlerinde amallary sanlylaşdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: customs.gov.tm