UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 1-nji toparçasynda 3-nji duşuşyklar geçirildi. Sen-Denidäki “Stade de France” stadionynda ýerli Fransiýanyň ýygyndysy bilen Italiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady.
Oýnuň 55-nji minutynda Maýkl Olise jerime urgusyndan owadan gol geçirip, hasaby açdy. Italýanlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 68-nji minutda Alessandro Bastoniniň goly bilen hasap deňlendi.
Türkiýäniň ýygyndysy myhmançylykda Belgiýadan 3-0 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary Kewin de Bruýne (10, 60) bilen Romelu Lukaku (76) geçirdi. Türkiýäniň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar bolup, çärýek finala çykmak mümkinçiligini juda azaltdy. Galan 3 oýunda ýeňiş gazanyp, garşydaşlarynyň hem utuk ýitirmegi gerek
3-nji duşuşyklardan soň Fransiýanyň 7, Belgiýanyň 6, Italiýanyň 4 utugy bolup, türkler entek utuk gazanyp bilmedi. 5-nji oktýabrda Fransiýa Belgiýany kabul etse, Italiýa “San Siroda” Türkiýe bilen duşuşar.
PDF








