Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň özara ynamyň pese gaçmagyny ýeňip geçmäge hem-de agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam berer diýip umyt edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Аbadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ry – 2-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mas­la­ha­ty­nyň işi­ne gat­naş­mak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri­ne sa­paryny ama­la aşyr­dy. Ýur­du­my­zyň stra­te­gik hyz­mat­da­şy ha­sap­lan­ýan BMG-niň baş mün­be­rin­den dün­ýä äh­mi­ýet­li hem-de pa­ra­hat­çy­ly­ga, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga hem-de dur­nuk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len tä­ze baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­ren mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ta­ry­hy sa­pa­ry uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si­ne gat­naş­ma­gy türk­men döw­le­ti­niň giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de “Türk­me­nis­tan – ABŞ” işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ýö­red­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­nyň has-da uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň, döw­le­ti­mi­ziň hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge is­leg bil­dir­ýän äh­li ta­rap­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň eda­ra bi­na­syn­da, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­nym Ma­ri­ýa Fer­nan­do Es­pi­no­sa Gar­ses (Ek­wa­dor Res­pub­li­ka­sy) bi­len du­şuş­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de ýur­du­my­zyň iş­jeň or­nu­ny bel­le­di, türk­men Li­de­ri­niň alyp bar­ýan ne­ti­je­li sy­ýa­sa­ty mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu sy­ýa­sat Mer­ke­zi Azi­ýa­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we dur­nuk­ly­lyk ýag­da­ýy­ny sak­la­ma­gyň, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň tä­sir­li şer­ti bo­lup dur­ýar.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 1945-nji ýyl­da dö­re­di­len Baş As­samb­le­ýa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esa­sy mas­la­hat be­ri­ji, ka­rar çy­ka­ry­jy we we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy hem-de he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän kö­p u­gur­ly hal­ka­ra fo­rumy bo­lup dur­ýar.
Onuň dü­zü­mi­ne BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň 193-si­niň hem­me­si gir­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, äh­lu­mu­my howp­la­ra we we­him­le­re gar­şy dur­mak, dur­nuk­ly ösü­şi iler­let­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şaw ýa­ly mö­hüm ugur­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­ny öz içi­ne al­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BMG-niň be­lent mün­be­rin­den çy­kyş edip, se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­ny, şeý­le hem äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry be­ýan et­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Baş As­samb­le­ýa­nyň şu ge­zek­ki mas­la­ha­ty­nyň öza­ra yna­myň pe­se gaç­ma­gy­ny ýe­ňip geç­mä­ge hem-de ag­za döw­let­le­riň öza­ra dü­şü­niş­me­gi­ni ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne umyt ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­ziň ýur­du­myz 2019-njy ýy­ly Pa­ra­hat­çy­lyk we Aba­dan­çy­lyk şy­ga­ry as­tyn­da ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş ed­ýär. Bi­ziň bu baş­lan­gy­jy­myz dart­gyn­ly­ly­gyň pe­sel­dil­me­gi­ne, je­del­li me­se­le­le­riň we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar bi­len çö­zül­me­gi­ne, bu ba­bat­da jo­gap­kär­çi­lik­li hem-de oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk çä­re­le­riň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­ny do­wam edip, Türk­me­nis­ta­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da gün ter­ti­bi­niň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na iş­jeň gat­na­şan­dy­gy­ny, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri gi­ri­zen­di­gi­ni bel­le­di. Türk­me­nis­tan suw – dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň umu­my baý­ly­gy, aras­sa agyz su­wu­na deň de­re­je­li we ada­lat­ly el­ýe­ter­li­lik şert­le­ri bol­sa ada­myň düýp­li hu­ku­gy bo­lup dur­ýar di­ýen ýö­rel­ge­le­re berk eýer­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Suw se­riş­de­le­ri­ne el­ýe­ter­li­lik, ony ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne döw­let­le­riň ösü­şi, yk­dy­sa­dy­ýe­ti, dur­muş ul­ga­my, adam­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we dur­mu­şy­nyň hil de­re­je­si gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Şol se­bäp­li hem deň­hu­kuk­ly­lyk, hor­mat goý­mak, jo­gap­kär­çi­lik Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da esas go­ýu­jy, kes­git­leý­ji öl­çeg­ler bol­ma­ly­dyr.
Türk­men Li­de­ri Aral deň­zi­ni ha­las et­mek me­se­le­si­ni se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gyn­da örän mö­hüm me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Ara­ly ha­las et­mek me­se­le­si­ne eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri di­ňe içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­ra­lyp bi­lin­mez. Hä­zir­ki wagt­da bu me­se­lä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze mak­sa­da gö­nük­di­ri­len, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­le­şil­me­gi, bu işe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň we ul­gam­la­ýyn gat­naş­ma­gy ta­lap edil­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, biz Türk­me­nis­ta­nyň Aral deň­zi se­bi­ti üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de Aral me­se­le­si­ni Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň alyp bar­ýan işi­niň aý­ra­tyn ug­ry hök­mün­de kes­git­le­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gi­riş­dik di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de BMG-ä ag­za döw­let­le­ri türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi­ni gol­da­ma­ga ça­gy­ryp ýüz­len­di.
Ha­zar deň­zi ýe­ne bir mö­hüm me­se­le bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­me­gi bu se­bi­ti hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-üs­ta­şyr we ener­ge­ti­ka stra­te­gik ge­çel­ge­le­ri­niň bi­ri­ne, giň ma­ýa go­ýum, söw­da, yk­dy­sa­dy iş we go­şu­lyş­mak mer­ke­zi­ne öwür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Türk­me­nis­tan äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len bu ul­gam­lar­da yk­dy­sa­dy we tä­jir­çi­lik ba­ba­tyn­da do­ly esas­lan­dy­ry­lan, ola­ra gat­na­şy­jy­lar üçin bäh­bit­li, yk­lym­da howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na düýp­li tä­sir et­mä­ge ukyp­ly hem-de uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýet­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak me­se­le­le­ri­ni iç­gin ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dyr. Şu­nuň ýa­ly tas­la­ma­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry, ha­ky­kat­dan-da, gel­jek üçin ma­ýa go­ýum­la­ry­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Biz Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­lik­le­ri­niň ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­na, onuň ok­gun­ly ösü­şi­ne we aba­dan­çy­ly­gy­na ne­ti­je­li gat­naş­ýan­dyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris di­ýip, türk­men Li­de­ri aýt­dy hem-de ola­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti üçin bu eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­ne aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­di.
* * *
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Nýu-Ýork­da­ky sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ABŞ-nyň köp san­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­lar­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz “Türk­me­nis­tan – ABŞ” işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Bu çä­rä­niň “Türk­me­nis­tan – ABŞ” Işe­wür­ler Ge­ňe­şi­niň dö­re­dil­me­gi­niň 10 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ge­çi­ril­me­gi bol­sa, du­şu­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Işe­wür­ler Ge­ňe­şi mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len hut şu ýer­de, Nýu-Ýork­da, ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kon­sern­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ýyg­na­nan ýe­rin­de — Rok­fel­ler Mer­ke­zin­de dö­re­dil­di.
Işe­wür­ler mas­la­ha­tyn­da çy­kyş eden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan­da dür­li ugur­lar­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek üçin has oňaý­ly we saz­la­şyk­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­läp, ola­ryň ha­ta­ryn­da ne­bit­gaz pu­da­gy­ny, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk, oba­se­na­gat top­lu­my­ny, dok­ma se­na­ga­ty­ny, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my­ny gör­kez­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip bel­le­di. Bu ugur­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň dep­gi­ni ýo­kar­lan­ýar. Di­ňe 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 27 gö­te­rim­den hem geç­di. Ma­ýa go­ýum işi giň ge­rim bi­len ös­ýär. Şu gü­ne çen­li ýur­du­myz­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň iki ýa­rym mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan tas­la­ma­la­ryň 156-sy ama­la aşy­ryl­dy. Iri ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry türk­men ba­za­ry­nyň ulag­lar, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, elekt­ros­tan­si­ýa­la­ryň gur­lu­şy­gy, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, azyk se­na­ga­ty ýa­ly mö­hüm ugur­la­ryn­da köp­den bä­ri üs­tün­lik­li iş­le­ýär­ler. Biz şeý­le hyz­mat­daş­ly­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris, ony hö­wes­len­di­re­ris we gol­da­rys di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ame­ri­ka­ly hyz­mat­daş­la­ry Türk­me­nis­tan­da döw­re­bap dü­zü­mi gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra gat­naş­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­mä­ge ça­gyr­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz iş ýü­zün­de ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nan TOPH tas­la­ma­sy­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň gat­naş­ma­gy üçin açyk­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di hem-de ame­ri­ka­ly hyz­mat­daş­la­ryň oňa gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip bil­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Işe­wür­ler mas­la­ha­tyn­da çy­kyş eden ame­ri­ka­ly işe­wür­ler dün­ýä­dä­ki ma­li­ýe çök­gün­li­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ýyl­sa­ýyn yk­dy­sa­dy ösü­şin­de ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri ga­zan­ma­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Bu bol­sa, ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň hem-de bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň gi­re­wi bo­lup dur­ýar. Ame­ri­ka­ly işe­wür­ler Türk­me­nis­tan bi­len mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.
Umu­man, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Nýu-Ýork sa­pa­ry äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar bi­len çö­zül­me­gi ug­run­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry bi­len tä­ze ro­waç­lyk­la­ra eýe bol­ma­gy hem-de işe­wür­lik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­di.