Şu gün, 7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň 2026-njy ýyldaky jemleýji tapgyry geçiriler. Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek bäsleşik giň gerimli halkara çäreleriň – GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilýän wagtyna gabat gelýär. Ertir ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler.
Bäsleşik Bütindünýä Tatar kongresi we «Tatar gyzy» müdiriýeti tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär. Geçen ýyl Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry Russiýanyň Orenburg şäherinde geçirilip, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden 30-a golaý gözel gatnaşypdy. Jemleýji tapgyra Tatarystandan, Başgyrdystandan, Krasnodar ülkesinden, Moskwa, Orenburg, Penza, Týumen oblastlaryndan, şeýle-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Türkmenistandan baran 12 gözel çykypdy. Jemleýji tapgyra gatnaşan gözeller aýdym aýdyp, tans etdiler, döredijilik çykyşlaryny görkezdiler we milli däpler barada gürrüň berdiler.

Netijede, Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy Alsu Rafikowa ýeňiş gazanypdy. Oňa göçme täç, milli tatar bezegi bolan hasite we awtoulag sowgat berlipdi.
PDF








