Dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlaryndan argentinaly Lionel Messi milli topardaky iň soňky duşuşygyny geçirdi. Buenos Aýresdäki Estadio Monumental-da oýnalan oýunda Argentinanyň ýygyndysy Afrikanyň wekili Beniniň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 90 minutlap meýdançada galan Lionel Messi milli topardaky soňky oýnuny 1 gol hem-de 2 asist bilen tamamlady. 39 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy 48-nji minutda Otamendiniň geçiren golunyň pasyny berip, 71-nji minutda-da penaltiden tapawutlandy. Duşuşygyň 2-nji goluny 61-nji minutda Niko Paz derwezä girizdi. Duşuşykdan soň, Messi we topardaşlary duýguly, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdi. Stadiona ýygnanan 85 müň, ekranda tomaşa edip oturan millionlarça janköýerler ony elçarpyşmalar, gözýaşlary bilen milli topardan ugratdy.

2005-nji ýylda başlan ýolagçylygy 21 ýyldan soň, 7714 günden tamamlandy. Ol ilkinji gezek Argentinanyň milli ýygyndysynda 2005-nji ýylyň 17-nji awgustynda Wengriýa bilen bolan duşuşykda meýdança çykdy. 63-nji minutda oýna giren Messi 2 minut dolmanka, gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Messi Argentinanyň milli ýygyndysynda 208 duşuşykda 126 gol geçirdi, 68 gezek asist etdi.

Super ýyldyz milli toparynyň düzüminde taryhy başarnyklara ýetdi. Ol 1 gezek Dünýä Kubogyny (2022), 2 sapar hem Kopa Amerikanyň Kubogyny (2021, 2024) gazanmagy başardy. Dünýä Kubogynda 2 (2014, 2026), Kopa Amerikada-da 3 gezek kümüş (2007, 2015, 2016), 1 sapar hem (2019) bürünç medal gazanan Messi 2022-nji ýylda Finalissima Kubogyny-da asmana göterdi. Ol Argentinanyň düzüminde milli topara 15 ýyllap kapitanlyk etdi. Messi Argentinanyň Olimpiýa ýygyndysy bilenem 2008-nji ýylda Olimpiadanyň çempiony bolupdy. 2005-nji ýylda-da U-20 topary bilen Dünýä Kubogyny gazanypdy.

Messi Argentinanyň köýnekçesi bilen 21 ýylda 64 ýygyndy bilen duşuşdy. Şolaryň 46-synyň derwezesinden gol geçirmegi başardy.