Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejeli çärelere badalga berildi. Iküç günläp has köp myhmanly boljak Hazaryň türkmen kenarynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy we beýleki ugurdaş çäreler geçirilýär.
Şu gün Kongresler merkezinde «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat hem-de «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji maslahat geçiriler.
Iki günläp geçiriljek mejlislerde GDA agza döwletleriň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň öňünde duran wezipelere garalar.
Ertir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary nobatdaky konsultatiw duşuşygyny geçiriler. 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologiýa sammiti guralar.
7-8-nji oktýabrda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň duşuşygy geçirilýär.
Şu gün sebitiň iri suw akabalary bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, Seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat we «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisi geçiriler.
Şu gün Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ertir bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Ýeri gelende aýtsak, iri sammitleriň çäklerindäki ugurdaş çäreler, maslahatlar, bäsleşikleriň jemleýji dabaralary hem-de sergiler 8-nji we 9-njy oktýabrda hem dowam eder.