1921-nji ýylyň 8-nji oktýabry sport we radio taryhynda aýratyn ähmiýetli günleriň biri boldy. Şol gün ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherindäki “Forbes Field” stadionynda Pittsburg we West Wirginiýa uniwersitetleriniň futbol toparlary duşuşdy. Bu oýun KDKA radio stansiýasy tarapyndan göni ýaýlym arakly diňleýjilere ýetirildi. Bu waka ilkinji göni we oýnuň barşyny düşündirýän radioýaýlymy hökmünde taryha girdi.

Bu taryhy ýaýlymy Harold W.Arlin alyp bardy. Ol stadiondan oýnuň dowamynda bolup geçýän wakalary diňleýjilere jikme-jik beýan edýärdi. Şol döwürde radio tehnologiýasy heniz täze ösüp başlapdy. Şonuň üçin futbol duşuşygyny stadionda bolmazdan radio arkaly diňlemek adamlar üçin täze we täsin tejribe bolupdy. KDKA hem şol döwürde ABŞ-nyň radio pudagynda öňdebaryjy stansiýalaryň biridi.

Duşuşyk 21–13 hasabynda Pittsburg uniwersitetiniň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Stadionda müňlerçe tomaşaçy oýna tomaşa edýärdi. Emma radio ýaýlymy sebäpli başga ýerlerde ýaşaýan adamlar hem oýnuň ýagdaýyny öz öýlerinden diňläp bildiler. Bu bolsa sport habarlarynyň we göni ýaýlymlaryň täze döwrüniň başlanmagyna ýol açdy. Bu ýagdaý telewizoryň çykmagy bilen hem dowam edip, häzirki wagtda göni ýaýlymda  berilýän duşuşyklar iň köp tomaşa edilýän ýaýlymlar hasaplanýar.

Bu wakanyň ähmiýeti diňe amerikan futboly bilen çäklenmedi. Radio arkaly sport duşuşyklaryny göni ýaýlymda diňlemek adamlara sport bilen has ýakyn aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berdi. Adamlar indi stadiona gitmezden hem oýnuň gidişini yzarlap bilýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen bu usul beýsbol, basketbol we beýleki sport görnüşleriniň ýaýlymlarynda hem giňden ulanylyp başlandy.

1921-nji ýylyň 8-nji oktýabry sport ýaýlymlarynyň ösüşinde möhüm başlangyçlaryň biri boldy. Şol gün radio tehnologiýasy bilen sport žurnalistikasy birleşip, adamlara täze görnüşde maglumat we güýmenje almaga mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde telewideniýe, internet we beýleki sanly platformalar arkaly sporta tomaşa etmek adaty zat bolsa-da, şol ilkinji radio ýaýlymlary häzirki zaman sport ýaýlymlarynyň ösmegine möhüm esas döretdi.

Mähri Gurbanowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.