Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň 2026-njy ýyldaky jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bäsleşikde özbegistanly Amina Mahmudowa ýeňiji boldy.
Bäsleşik Bütindünýä Tatar kongresi we «Tatar gyzy» müdiriýeti tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär.
Täç ugrunda 12 gatnaşyjy bäsleşdi: olaryň sekizisi Russiýanyň sebitlerine, galanlary Gyrgyzystana, Türkiýä, Türkmenistana we Özbegistana wekilçilik edýär. Bäsleşigiň düzgünlerine görä, emin agzalary olaryň döredijilik çykyşlaryna, dili, däp-dessurlary we medeniýeti biliş derejesine baha berýär.
Ilki bilen, myhmanlarlar «Ruhyýet» köşgüniň girelgesinde guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň milli gymmatlyklary, haly önümleri, at esbaplary we beýleki gymmatlyklar görkezildi.
Tatarystan Respublikasyna Kazan federal uniwersitetiniň talyby Dina Zaripowa wekillik etdi, wekiliýete Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşik däp boýunça geçen ýylyň ýeňijisiniň wekilçilik edýän sebitinde ýa-da ýurdunda guralýar. Geçen ýyl Russiýanyň Orenburg şäherinde geçirilen Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ildeşimiz – Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy Alsu Rafikowana ýeňiji bolupdy. Oňa göçme täç, milli tatar bezegi bolan hasite we awtoulag sowgat berlipdi.
Baýrak gowşuryş dabarasy şu gün, 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
PDF








