7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa hemmeleri mähirli mübärekläp, forumyň işine parlamentleriň, Hökümetleriň, raýat jemgyýetçiligi institutlarynyň we abraýly halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň baştutanlygynda dürli döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşýandygyny belledi. Foruma gatnaşýanlaryň şeýle wekilçilikli düzümi häzirki wagtda jemgyýetde hem-de döwletde zenanlaryň orny baradaky meselä halkara jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Soňra çykyş etmek üçin plenar mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bu halkara çäräniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara bolan sarpanyň, olaryň mertebesine goýulýan uly hormatyň Türkmenistanda mukaddeslik derejesine göterilendigini hemişe belleýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şahsy ünsi netijesinde, Türkmenistanda zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryna gatnaşmaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.
Forum Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bolan ýylda — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilen ýylynda geçirilýär. Bu bolsa oňa aýratyn many-mazmun berýär. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenko bu wekilçilikli çäräniň ýokary guramaçylygy hem-de oňa gatnaşyjylaryň netijeli işlemegi ugrunda döredilen ähli şertler üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Soňra BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çykyş etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan halkara dialoga gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de şeýle wajyp gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu dialogyň bütin dünýäde zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy, mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Zenanlar we maşgala işleri baradaky komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň we 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň döwletara dialog üçin berk binýat bolup hyzmat edendigini aýratyn nygtady.
Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Gazagystanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetini nygtady. Ol zenanlaryň deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we olaryň hukuk taýdan goraglylygynyň Gazagystanyň esasy ileri tutulýan milli ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd çykyşynda, ilki bilen, halkara maslahatyň guralandygy we abraýly dialog meýdançasynyň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyk bildirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleriň bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň abadançylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde, döwletiň kuwwatyny pugtalandyrmakda zenanlaryň eýeleýän kesgitleýji ornuna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Goňşy ýurduň wekili öz çykyşynda eýran zenanlarynyň ykbalynyň ýurduň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, ylymda, sportda, sungatda we döwlet gurluşynda uly üstünlikleri gazanyp, diňe bir synçy bolman, eýsem, taryhy döretmäge hem işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Farzane Sadeg Malwajerd zenanlara maýa goýulmagynyň we olaryň çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagynyň tutuş sebitiň has durnukly geljegini üpjün etmäge binýat goýýandygyny nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň hemişelik toparynyň başlygy Nataliýa Pawlýuçenko söz berildi. Ol Belarus parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň maslahata gatnaşyjylara mähirli salamyny ýetirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Nataliýa Pawlýuçenko çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik ugruna hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, ýurdumyzyň BMG-däki strategik başlangyçlaryna, şol sanda ynsanperwer merkezler ulgamyny döretmek, Halkara hukuk ýylyny yglan etmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň öz ýurdunda Prezident Aleksandr Lukaşenko tarapyndan «Belarus zenany» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Belarus Respublikasynda Hökümetiň ýanynda gender syýasaty boýunça Milli geňeş döredilip, bu düzüm erkekler we zenanlar üçin deň zähmet şertlerini, aýlyk zähmet haklaryny we beýleki görkezijileri üpjün etmek boýunça iş alyp barýar. Mundan başga-da, Nataliýa Pawlýuçenko şu ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Polosk şäherinde halkara maşgala forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, maslahata gatnaşyjylary tejribe alyşmak üçin öz ýurduna gelmäge çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň hemişelik toparynyň başlygy maşgala gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagynyň milli howpsuzlygy we döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýän binýat bolup durýandygyny nygtady.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak çykyş edip, Awazada şeýle taryhy ähmiýetli çäräniň guralýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda bolýandygyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Myhman Türkiýäniň türkmen zenanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ugrunda döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň zenanlaryň jemgyýetlerimiziň geljegini kemala getirmekdäki ornuny has-da berkitjek täze hyzmatdaşlyklar üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň ýolbaşçysy Zamira Akbagyşewa bildirilen myhmansöýerlik we halkara zenanlar dialogynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanda zenanlaryň döwlet durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň çagalaryň saglygyny goramak, maşgalalary durmuş taýdan goldamak babatda alyp barýan işiniň zenanlaryň ynsanperwer ulgamdaky liderliginiň aýdyň mysallarynyň biridigini belledi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Medeniýet komitetiniň, Jemgyýetçilik birleşikleri we dini edaralar baradaky komitetiniň agzasy, Azerbaýjan — Türkmenistan parlamentara gatnaşyklar boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Tanzila Ýolçu gyzy Rustamhanli çykyş edip, ilki bilen, zenanlaryň parahatçylygy berkitmekdäki ornuna bagyşlanan halkara dialoga gatnaşmagynyň özi üçin mertebedigini belledi hem-de onuň guramaçylygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Işewür zenanlarynyň Milli assosiasiýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Gulbahor Mahkamowa söz berildi. Ol bu möhüm çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň, olaryň döredijilik ukyplarynyň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi we dialogyň bu ugurda halkara tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra maslahat mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
Mejlise gatnaşyjylar onuň dowamynda işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň GDA döwletleri bilen BMG-niň düzümleriniň arasyndaky hukuk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirip, parahatçylygy we uzak möhletli durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
PDF








