Islendik duýgyny başdan geçirýän mahalymyz aýdym-saz biziň iň ýakyn hemramyz bolýar. Ol bizi gynanan mahalymyz şatlandyrýar. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, adam halaýan aýdymyny diňlän ýa-da hiňlenen mahaly beýnidäki ýakymly duýgulary ýüze çykarýar, gaýgy-aladadan uzaklaşýar. Adam psihiki we fiziki ýagdaýda özüni oňat duýýar. Irki döwürlerden bäri aýdym-sazyň birnäçe keseliň öňüni almaga hem öz täsirini ýetirýändigi aýdylýar. Çagalara kiçi ýaşda aýdym-saz öwretmegiň olaryň ünslüligini güýçlendirýändigi, köpçülikde deň-duşlary bilen gysga wagtda düşünişmegine ýardam edýändigi anyklanypdyr. Aýdym-saz çagalaryň öwrenmek ukybyny hem güýçlendirýär. Şeýle hem pikirlenmek, okamak we ýazmak babatda hem aýdym-saz bilen ýakyndan gyzyklanýan çagalar has ökde bolýarlar. Matematika sapagynda işjeňlige we ýatkeşlige kömek edýär.
Germaniýanyň Fredrih Şiller adyndaky Ýena uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren ylmy-barlagynyň netijesinde, höwesjeň ýa-da professional ýagdaýda aýdym-saz bilen meşgullanýan adamlaryň beýnisiniň has uludygy anyklanypdyr. Şeýle hem yzygiderli saz guralyny çalmagyň beýniniň görmek, duýmak, hereket etmek we sazlaşyk bilen bagly bölümleriniň ulalmagyny üpjün edýändigi anyklandy. Munda saz çalmak üçin saglakaý adamlaryň çep elini hem sazlaşykly ulanmaly bolýandygynyň täsiriniň bardygyny belleýärler.
Geçirilen ylmy-barlaglar esasan nusgawy sazlaryň adama has gowy täsir edýändigini ýüze çykardy. Bu mylaýym sazlar bäbekleriň-de ruhuna oňyn täsir edýär. Kiçi ýaşda nusgawy saz diňledilen çagalar ulalansoň, gaharjaň bolmaýarlar.
Garward uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetinde geçirilen barlaglar hem sazyň jadyly täsiriniň bardygyny ýüze çykarypdyr. Bu ýerde zähmet çekýän Gottfrid Şlug käbir syrkawlaryň aýdym aýtmak arkaly öz derdinden saplanandygyny belleýär. Ol aýdym-sazyň adamyň gaýgy-aladasyny azaldýandygyna ünsi çekip, islendik halaýan aýdymyňy diňlemegiň hem-de hiňlenmegiň peýdalydygyny belleýär.
Aýsoltan Uraýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.