Ýakynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurulyaýy geçirildi. Bu halkara çäre GDA ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmek, tejribe alyşmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak babatynda möhüm meýdança öwrüldi. Minsk gurultaýynda türkmen wekilýeti Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion we ylmy-tehniki taslamalara çekilişi, mekdeplerde we uniwersitetlerde IT hem-de STEM biliminiň ornaşdyrylyşy barada çykyşlar etdiler. Şeýle hem, GDA ýurtlarynyň arasynda sanly bilim portallaryny birleşdirmek, elektron kitaphana bazalaryny paýlaşmak we talyplaryň, mugallymlaryň akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek barada birnäçe möhüm teklipleri öňe sürüldi. Gurultaýda döwletlerden gelen wekiller, bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak barada möhüm meseleler öňe sürüldi:

Gurultaýyň jemleýji bölüminde GDA giňişliginde bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki innowasion bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Kararnamasy kabul edildi. Bu möhüm gurultaý diňe bir bilim işgärleriniň tejribe paýlaşmagyna däl, eýsem döwletleriň arasyndaky dostlukly we medeni-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkitmegine uly goşant goşdy. Bu halkara forum bilim ulgamyny täze basgançaga götermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak  we milli mekdep tejribelerini paýlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Gurultaýyň dowamynda geçirilen seksiýa maslahatlarynda we tegelek stollarda birnäçe esasy ugurlar öňe sürüldi.

Gurultaýda Türkmenistanyň mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň geriminiň giňeldilişi, interaktiw okuw esbaplarynyň ulanylyşy we okuwçylaryň ylym-bilim işjeňligi barada çykyş edildi. Mugallymlaryň pedagogik usulyýetini kämilleşdirmek, emeli aň we sanly gurallary sapaklary gurnamakda netijeli ulanmak barada halkara kärdeşlerimiz bilen giňişleýin pikir alşyldy.Mekdepler arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki halkara bäsleşikleri we okuwçylaryň bäsleşiklerini guramak barada teklipler goldanyldy.

Çeşme: education.gov.tm