6-7-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň («CIIE») çäklerinde Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Bu möhüm işewürlik çäresi iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy işewürlik düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlär.
Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Senagat kooperasiýasyny we oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, Häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, üstaşyr logistika mümkinçilikleri pugtalandyrmak we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlara bagyşlanan mejlisler girýär.
Forumyň çäklerinde Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalaryna, edaralaryna we önümçilik desgalaryna baryp görmek üçin mümkinçilik dörediler.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar işewürlik duşuşyklaryň we gepleşikleriň üç görnüşine gatnaşyp bilerler:
G2G— döwlet edaralarynyň arasynda;
B2G—işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasynda;
B2B—kompaniýalaryň we telekeçileriň arasyndaky göni işewürlik duşuşyklar
PDF




