Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we dünýä döwletleriniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Üstümizdäki aýda hem Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalar, dünýä ýurtlary, aýratyn hem Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011 — 2026-njy ýyllar aralygynda Germaniýada we Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça köp sanly forumlar geçirildi hem-de olarda iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurtlaryň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, nobatdaky forumy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmatologiýanyň we neýrohirurgiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Forumyň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
PDF




