Russiýa Federasiýasynyň hökümeti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak maksady bilen 500 sany döwlet býujetiniň hasabyna talyp ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Russkiý Glagol» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi.
Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň arasynda Russiýada bilim almaga bolan gyzyklanma örän ýokary. Ol mekdep ýyllaryndan başlap rus dilini bilmegiň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmekde möhüm artykmaçlyk bolup durýandygyny nygtady.
«Okuw ýylynyň başynda eýýäm bilýän dilinde leksiýalary diňleýän, ylmy makalalary okaýan we synaglary tabşyrýan birinji ýyl talyby üçin täze hünärini öwrenmäge ünsüni gönükdirmek has aňsat bolýar. Sebäbi ol bir wagtyň özünde hem täze dersi öwrenmek hem-de dil päsgelçiligini ýeňip geçmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolmaýar» diýip, Wolynkin düşündirdi.
Wolynkin Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň diplomynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlarda giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Talyplar ylmy taslamalara gatnaşmaga, önümçilik tejribesini geçmäge we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alýarlar. Şol bir wagtyň özünde, olaryň köpüsi alan bilimlerini öz ýurdunyň ösüşiniň bähbidine ulanmak üçin Watanyna dolanyp gelýär diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Çeşme: education.gov.tm
PDF




