Sport halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň möhüm serişdeleriniň biridir. Dünýä sportunyň ösüşinde halkara sport guramalarynyň aýratyn orny bar. Şolaryň arasynda Halkara Gimnastika Federasiýasy taryhy bilen tapawutlanýar. Gurama 1881-nji ýylyň 23-nji iýulynda Belgiýanyň Lýež şäherinde döredilip, dünýäniň iň gadymy halkara sport federasiýasy hasaplanýar.
Guramanyň döredilmeginde Nikolas Kuperus (Nicolas J. Cuperus) möhüm orun eýeleýär. Ol gimnastikanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berip, dürli ýurtlaryň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegini goldaýar. Şol döwürde gimnastika diňe bir beden maşklary hökmünde däl, eýsem adamlaryň saglygyny berkitmegiň we ýaş nesli beden taýdan terbiýelemegiň möhüm serişdesi hökmünde hem ösdürilýärdi. Täze guramanyň döredilmegi dürli ýurtlaryň gimnastika jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmaga we umumy düzgünleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär.
Ilkibaşda Ýewropa Gimnastika Federasiýasy diýlip atlandyrylan gurama wagtyň geçmegi bilen öz işini Ýewropanyň çäklerinden daşarda hem giňeldýär. 1921-nji ýylda onuň ady Halkara Gimnastika Federasiýasy diýlip üýtgedilýär.
Federasiýanyň taryhynda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. 1903-nji ýylda Belgiýanyň Antwerpen şäherinde geçirilen gimnastika boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji möhüm wakalaryň biri bolýar. Gimnastika 1896-njy ýylda Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizilýär. Zenan türgenler bolsa Olimpiýa oýunlarynda gimnastika boýunça ilkinji gezek 1928-nji ýylda Amsterdamda geçirilen oýunlarda çykyş edýärler. Gimnastika tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ählisiniň maksatnamasynda bar bolan 5 sport görnüşiniň biridir.

Gimnastika ýyllaryň dowamynda uly ösüş ýoluny geçdi. Ilkinji döwürlerde türgenleriň ýerine ýetirýän maşklary häzirki zaman ýaryşlaryndakydan tapawutlanýardy. Wagtyň geçmegi bilen sport enjamlary kämilleşdirilýär, maşklaryň ýerine ýetirilişine baha bermegiň düzgünleri işlenip düzülýär we türgenleriň howpsuzlygyna has köp üns berlip başlanýar. Häzirki wagtda gimnastika güýçlüligi, çeýeligi, deňagramlylygy, çydamlylygy hem-de hereketleriň takyklygyny talap edilýän sport görnüşleriniň biridir.
Halkara Gimnastika Federasiýasynyň häzirki wagtdaky ady “World Gymnastics” bolup, gurama gimnastikanyň dürli ugurlarynyň ösüşini utgaşdyrýar, halkara ýaryşlarynyň düzgünlerini kesgitleýär we dünýä çempionatlarynyň guramaçasy hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol milli sport federasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tälimçileriň we eminleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga hem-de ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam berýär.
Federasiýanyň uzak ýyllaryň dowamynda işini dowam etdirmeginiň esasy sebäpleriniň biri onuň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösmegidir. Gimnastikanyň düzgünleriniň kämilleşdirilmegi, täze ugurlaryň ösdürilmegi we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi guramanyň ähmiýetini artdyrýar. Dürli ýurtlardan gelen türgenler halkara ýaryşlarynda öz başarnyklaryny görkezmek bilen bir hatarda, tejribe alyşýarlar we sport arkaly dostlukly gatnaşyklary berkidýärler.
Aýsenem Orazmämmedowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








