Düýn öz ga­py­la­ry­ny giň­den açan Pa­riž aw­tou­lag ser­gi­si 14-ine çen­li do­wam eder. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den aw­tou­lag we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň soň­ky önüm­le­ri­ni ge­ti­ren ser­gi­sin­de tä­ze mo­del­le­riň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry hem ge­çi­ril­ýär. Frank­furt aw­tou­lag ser­gi­si bi­len iki ýyldan bir gezek ge­zek­leş­di­ri­lip ge­çi­ril­ýän göz­den ge­çi­ri­liş bu ugur­da dün­ýä­de we Ýew­ro­pa­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ser­gi­de soň­ky ýyl­lar­da elekt­ro­kar­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu ugur­da iş­le­ýän, ozal aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de ady eşi­dil­me­dik brend­le­ri we mo­del­le­ri hem gör­mek bol­ýar. Şeý­le-de şol bir mo­de­liň ýan­gy­jyň baş­ga­ça gör­nüş­le­ri bi­len iş­le­ýän nus­ga­la­ry hem bar. Ser­gi­de gör­ke­zi­len kä­bir ulag­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

“E-Ten­se”: “Grou­pe PSA” (esa­sy bren­di “Peu­ge­ot”) aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li “DS Au­to­mo­bi­les” ta­ra­pyn­dan çy­ka­ry­lan ulag daş­ky şe­ki­li­niň üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ada­ty öý şert­le­rin­de zar­ýad be­rip bol­ýan ula­gyň kuw­wa­ty 300 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Ol 50 ki­lo­met­re çen­li di­ňe elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len ýöräp bil­ýär. Bu ýer­de gör­ke­zi­len “DS 3 CROSS­BACK” mo­de­li­niň sü­rü­ji­si üçin hö­dür­le­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan hiç bir aw­tou­la­gyň­ka meň­ze­me­ýär. Onuň ben­zin­li we di­zel gör­nüş­le­ri bar. Go­laý­da gib­rid gör­nü­şi hem peý­da bo­lar.

“Audi”: ne­mes bren­di fran­suz paý­tag­ty­na di­ňe SUV we “Cros­sover” ulag­la­ry­ny ge­ti­rip­dir. “A1 Sport­back”, “A6 Avant” we TT mo­del­le­ri bi­len bir ha­tar­da Q3, Q8 we SQ2 ulag­la­ry köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär. “Audi” hem elekt­rik­li­le­riň bäs­deş­li­gin­den yz­da gal­mak is­le­me­ýär. Şo­nuň üçin “e-Tron” elekt­rou­la­gy­nyň tä­ze nus­ga­sy hem ser­gi­niň myh­man­la­ry­na gör­ke­zil­ýär. In­di­ki ýy­lyň iýu­lyn­dan sa­ty­lyp baş­lan­jak bu ulag “Tes­la Mo­del X” we “Mercedes-EQC” ulag­la­ry­nyň esa­sy bäs­de­şi bo­lar. Onuň bir ge­zek­ki zar­ýad bi­len geç­ýän ýo­ly 400 km-e deň bo­lar.

BMW: bren­diň has köp sa­tyl­ýan mo­de­li bo­lan 3-nji se­ri­ýa­sy­nyň iň tä­ze gör­nü­şi gör­ke­zil­di. Bu ulag ba­ra­da hä­zi­re çen­li hiç zat aý­dyl­man­dy. Tä­ze nus­ga­nyň içi, ulu­ly­gy 3-nji se­ri­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny sak­lap gal­mak bi­len, ozal­ky­lar­dan üýt­ge­di­lip­dir. Ozal bu ula­gyň üs­ti ýa­pyk gör­nü­şi­niň Ame­ri­ka­da­ky ys­sy çöl­de, De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa go­laý ýer­de so­wuk ho­wa­da sy­nag sü­rüş­le­ri köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip­di. Ol köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lan ae­ro­di­na­mi­ka ba­bat­da iň go­wy ulag bo­lar. “BMW 3” se­ri­ýa­syn­dan baş­ga ne­mes bren­di­niň tä­ze Z4, 8-nji se­ri­ýa­sy­na de­giş­li “Coupe”, tä­ze­le­nen i3, “M5 Com­pe­ti­ti­on”, X2 M35i we tä­ze X5-iň uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

“Mercedes-Benz”:Pa­riž­de ozal hiç ýer­de gör­ke­zil­me­dik B se­ri­ýa­sy­na de­giş­li GLE we A 35 4MA­TIC-i gör­ke­zýär. Bren­diň dür­li ho­wa şert­le­rin­de ýö­re­ýän kuw­wat­ly ulag­la­ry gör­ke­zil­ýär.

“Fo­rea­se”: 20 ýyl ozal peý­da bo­lan kin­di­wan­ja aw­tou­lag bren­di “smart” bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ýö­ri­te mo­de­li­ni Pa­ri­že ge­ti­rip­dir. Tu­tuş­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.

“Peu­ge­ot e-Le­gend”: Ita­li­ýa­nyň aw­tou­lag­la­ryň di­zaý­ny­ny taý­ýar­la­ýan “Pi­nin­fa­ri­na” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de 60-njy ýyl­lar­da çy­ka­ry­lan “504 Coupe” mo­de­li­ne meň­ze­di­lip taý­ýar­la­nan “e-Le­gend” elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Kuw­wa­ty 456 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan ulag 4 se­kunt­da 100 km/s tiz­li­ge çyk­ýar. Iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 220 km/s ba­ra­bar bo­lan ula­gyň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy 600 km-e ýet­ýär.

“Lexus”: ýa­pon bren­di­niň iň meş­hur kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze SUV UX ula­gy bi­len bir ha­tar­da sport “coupe” mo­del­le­ri­ni hem gör­kez­ýär. Kom­pa­ni­ýa “LC Yel­low Edi­ti­on” hem-de “CT Hyb­rid” mo­del­le­ri­niň tä­ze­le­nen gör­nü­şi­ni Ýew­ro­pa­da il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­giň öňü­ne çy­kar­dy.

“Sko­da Vision RS”: daş­ky gör­nü­şi­niň üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan “Ko­diaq” ün­si iň köp özü­ne çek­ýän ulag­la­ryň bi­ri bol­dy. Gib­rid ula­gyň 1,5 litr göw­rüm­li ben­zin­li he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty 150 at güý­jü­ne deň, elekt­rik­li bö­le­gi 102 at güý­jü­ne ba­ra­bar. “Sko­da” ola­ryň bi­le­lik­dä­ki kuw­wa­ty­nyň 245 at güý­jü­ne ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ol 7,1 se­kunt­da 100 km/s tiz­li­ge çyk­ýar. Ýo­ka­ry tiz­li­gi 210 km/s-a ýet­ýän ula­gy sport, ada­ty we EV re­ži­min­de sü­rüp bol­ýar. Iň amat­ly sü­rüş sport re­ži­mi ha­sap­lan­ýar. Di­ňe elekt­rik­li he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ni ulan­mak üçin EV re­ži­mi­ni saý­la­ma­ly. Bu usul­da onuň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 70 ki­lo­metr­den geç­me­ýär. Onuň ba­ta­re­ýa­sy 2,5 sa­gat­da dol­ýar.