Internet diýlende, ilki ýadyňa düşýän “Google” saýtynyň döredilenine 20 ýyl boldy. Häzirki wagtda bazar gymmaty 800 milliard dollara ýeten kompaniýanyň paýnamalary Nýu-Ýorkdaky NASDAQ tehnologiýa biržasynda hereket edýär. Gözleg saýtyny döretmek baradaky pikir 1996-njy ýylda Kaliforniýada peýda bolýar. Stenford uniwersitetinde bilim alýan iki diňleýjiniň (Lerri Peýç we Sergeý Brin) ylmy iş hökmünde taýýarlan taslamasynda ulanyjylara islän zadyny tapyp bermek göz öňünde tutulýar. Olar haýsy sahypanyň näçe gezek görkezilendigine görä taýýarlanan gözleg usullarynyň deregine “PageRank” tehnologiýasyndan peýdalanýan we her saýtdan belli kada görä tema gözleýän täze ulgam döredýärler. Şeýlelikde, 1998-nji ýylda şereket hökmünde döredilen we domen salgysy satyn alnan “Google” wagtyň geçmegi bilen ägirt uly kompaniýa öwrülýär. Ilki gurlan mahaly internetiň şol mahalky iň köp ulanylýan kodlama ulgamy bolan HTML arkaly işleri amala aşyran “Google”, soňlugy bilen birnäçe algoritmi we ulgamy öz içine alyp, has köp mümkinçilik hödürläp başlaýar. 2001-nji ýylda onuň ulanyjylarynyň sany 1 milliarddan geçýär. Soňlugy bilen, “Yahoo” ýaly şol döwrüň iň köp peýdalanylýan saýtlaryndan ozduryp, gözleg saýtlarynyň çür depesine çykýar. 2004-nji ýylda bahasy 85 dollar bolan paýnamasy häzirki wagtda 700 dollardan geçdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasyna öwrülen “Google” “Android” amaly ulgamy bilen dünýäniň mobil bazarynda “Apple” bilen bäsleşýär. Şeýle hem karta, mahabat, terjime, elektron poçta, sosial media ýaly birnäçe ugurda iş alyp barýar. Onuň girdejileriniň esasy bölegini mahabatdan alnan tölegler emele getirýär. Ol internet we elektron ulgamdaky çägini yzygiderli giňeldýär. 2006-njy ýylda “YouTube” saýtyny satyn almagy bilen has iri kompaniýalaryň hataryna goşulýar. Kompaniýanyň esasy maksady bolan gözleg saýty bolsa, bäsdeşlerinden öňe saýlanýar.