16-njy oktýabrda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň milli medeni merkezleriniň pawilýonynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowany hormatlamak dabarasy geçirildi. Bu halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdi.

 

Çärä Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar baradaky komitetiniň başlygy K.Sariýew, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, milli medeni merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen baş baýrak – «ZEEKR 9X» kysymly awtoulag gowşuryldy.

Çärede çykyş edenler «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň milli medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde, zehinli ýaşlary goldamakda, şeýle hem halklaryň arasynda dostlugy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.