UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary şu gije hem-der ertir gije oýnalar. Tapgyryň merkezi duşuşyklary hökmünde PSŽ – “Barselona”, “Bawariýa” – “Arsenal” oýunlary öňe saýlanýar.

Şu günki futbol baýramçylygy 21:45-däki “Fenerbahçe” – “Slawiýa Praga” hem-de “Sabah” – “Borussiýa Dortmund” duşuşyklary bilen başlanar. Agşamyň, hatda tapgyryňam iň esasy oýny Parižde oýnalyp, kubogyň häzirki eýesi PSŽ bilen möwsümde entek ýeke utuk hem ýitirmedik “Barselonany” kabul eder. Duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder. Fransiýanyň daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda duşuşygyň ýurtdaky bolup geçýän hadysalara garamazdan, oýnaljakdygy bellenilýär. Iki topar 16-njy gezek duşuşarlar. Mundan öňki 15 oýunda PSŽ 6, “Barselona” 5 gezek ýeňip, 4 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda PSŽ 29-28 öňde. “Barselona” topary PSŽ bilen geçiren soňky 2 duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar boldy.

Ertirki duşuşyklaryň arasynda-da “Bawariýa” bilen “Arsenalyň” arasyndaky oýun esasy öňe saýlanan duşuşyk bolup, oýna italiýaly Dawide Massa eminlik eder. Iki topar ilkinji gezek 2000-nji ýylda duşuşyp, bu gezekki oýun olaryň özara 16-njy duşuşygy bolar. Mundan öňki 15 oýunda “Bawariýa” 8, “Arsenal” 4 gezek ýeňdi. 3 oýun deňlikde tamamlanyp, geçen möwsümde “Arsenal” öz meýdançasynda 3-1 hasabynda ýeňipdi.

 

20-nji oktýabr (sişenbe)

21:45 I Fenerbahçe – Slawiýa Praga

21:45 I Sabah – Borussiýa Dortmund

00:00 I Roma – Slowan Bratislawa

00:00 I Porto – PSW

00:00 I Liwerpul – Wilýarreal

00:00 I Mançester Siti – AEK Afiny

00:00 I Pari Sen-Žermen – Barselona

00:00 I Napoli – Bude-Glimt

00:00 I Ştutgart – Atletiko Madrid

 

21-nji oktýabr (çarşenbe)

21:45 I Komo – Mançester Ýunaýted

21:45 I Lill – Galatasaraý

00:00 I Aston Willa – Wiking

00:00 I Klub Brýugge – Lans

00:00 I Bawariýa – Arsenal

00:00 I Inter – Şahtýor Donesk

00:00 I Real Madrid – Leipsig

00:00 I Betis – Feýenoord

00:00 I Sporting – LASK