Ertir öz işine başlajak “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” 31-nji halkara maslahatyna we sergisine barjak myhmanlary A.L.I. (Artificial Learning Intelligence – Emeli öwrenýän aň) atly adamsypat robot garşy alar. Adamsypat robot 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji Halkara maslahatynda we sergisinde çykyş eder.
A.L.I gatnaşyjylara robot tehnikasynyň ýeten derejesini iş ýüzünde görmäge mümkinçilik döreder. Onuň gatnaşmagy sergi tejribesini täze derejä çykarar we myhmanlary dürli pudaklarda barha artýan gyzyklanma eýe bolan tehnologiýa bilen ýakyndan tanyşdyrar.
PDF








