Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry – Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň di­wa­ny­nyň ýol­baş­çy­sy Kons­tan­tin Çuý­çen­ko­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­kil­çi­lik­li to­par ýur­du­myz­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Şol we­ki­li­ýe­tiň ha­ta­ryn­da “Gazp­rom” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy Alek­seý Mil­ler hem bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len ge­len rus­si­ýa­ly myh­man­la­ry ka­bul et­di. Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz hem-de Rus­si­ýa­nyň wi­se-prem­ýe­ri hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­yşdylar.

Taraplar söw­da-yk­dy­sa­dy, oba ho­ja­ly­gy, ulag hem-de ara­gat­na­şyk, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar­da, şeý­le-de beý­le­ki ul­gam­lar­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Rus­si­ýa ýur­du­my­zyň iri da­şa­ry söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň işe­wür to­par­la­ry türk­men ba­za­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň ba­za­ryn­da amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy dö­re­dil­di. Türk­me­nis­tan­da meş­hur rus kom­pa­ni­ýa­la­ry iş­jeň iş­le­ýär­ler. Şo­lar bi­len bi­le­lik­de dür­li ul­gam­lar­da mö­hüm tas­la­ma­la­ryň en­çe­me­si dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek we ös­dür­mek üçin oňaý­ly şert­ler bar.
Ne­bit­gaz ul­ga­my iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mu­nuň özi dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri bo­lan hem-de ýan­gyç se­riş­de­le­ri­niň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan iki döw­let üçin stra­te­gik ugur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da 2028-nji ýy­la çen­li gaz ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da he­re­ket ed­ýän yla­la­şy­gy dur­mu­şa ge­çir­me­giň dür­li me­se­le­le­ri, şol san­da 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan türk­men ga­zy­nyň sa­tyn al­ny­şy­ny di­kelt­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da bu me­se­le bo­ýun­ça “Gazp­rom” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň we türk­men hyz­mat­daş­la­ry­nyň ara­syn­da gep­le­şik­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ýa­kyn wagt­da anyk yla­la­şyk­lar ga­za­ny­lar. Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň hol­din­gi­niň ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek, gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek we beý­le­ki ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi tas­syk­la­nyl­dy.
Ta­rap­lar me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da, şol san­da ylym we bi­lim ugur­la­ry bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge üns ber­di­ler. Sport ul­ga­myn­da türk­men-rus­ hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.