8-nji okt­ýabr­da ame­ri­ka­ly­lar Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li Ko­lumb gü­nü­ni baý­ram et­di­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1492-nji ýy­lyň 12-nji okt­ýab­ryn­da ital­ýan de­ňiz sy­ýa­hat­çy­sy Hris­to­for Ko­lumb Is­pa­ni­ýa­nyň şa aýa­ly Iza­bel­la I Kas­tils­ki­niň hemaýaty bi­len Tä­ze dün­ýä­ni aç­ýar. Hris­to­for Ko­lum­byň eks­pe­di­si­ýa­sy Ba­gam ar­hi­pe­la­gyn­da­ky San-Sal­wa­dor ada­sy­na ba­ryp ýe­tip, şol gün Ame­ri­ka­nyň açy­ly­şy­nyň res­mi se­ne­si hök­mün­de ka­bul edil­ýär.
1792-nji ýyl­da ABŞ-da Ko­lumb gü­ni baý­ram edi­lip baş­lan­ýar. 1937-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda ýur­duň äh­li ýe­rin­de Ko­lumb gü­ni res­mi taýdan döw­let de­re­je­sin­dä­ki baý­ram­çy­lyk diý­lip yg­lan edil­ýär. Ýö­ne 1971-nji ýyl­da ABŞ-nyň Kong­re­si Ko­lumb gü­nü­ni her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň ikin­ji du­şen­be­sin­de baý­ram et­mek ha­kyn­da ka­rar ka­bul ed­ýär we iş hep­de­sin­den dynç alyş gü­ni be­ril­ýär.
Baý­ram­çy­lyk iş gü­ni däl hem bol­sa, ony sa­da­rak bel­läp geç­ýär­ler. Ýö­ne Ko­lum­byň bu yk­ly­ma gel­me­gi­niň mak­sa­dala­ýyk­ly­gy ba­ra­da iş­jeň mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Ame­ri­ka­ly­la­ryň kö­pü­si Ko­lumb­dan öň hem bu yk­ly­ma Ýew­ro­pa­nyň köp san­ly de­ňiz sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň ge­len­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Şu gün­ki gün­de ABŞ-nyň kä­bir ştat­la­ryn­da we şä­her­le­rin­de Ko­lumb gü­nü­ne de­rek, Ýer­li halk­la­ryň gü­ni bel­le­nip ge­çil­ýär.