Ilatyň has köp mukdarynyň şäherlerde ýaşamagy ýol dyknyşygy, howanyň hapalanmagy, energiýa çeşmeleriniň ýetmezçiligi, azyk bilen üpjünçilik ýaly käbir meseleleri döredýär. “Akylly” şäherler bu meseleleriň ählisini daşky gurşawa zyýan ýetirmezden çözmegi, adamlaryň rahat ýaşamaklary, işlemekleri we okamaklary üçin şert döretmegi göz öňünde tutýar.
Energiýanyň dolandyrylmagy: energiýa çeşmeleriniň azalýan, emma oňa bolan zerurlygyň artýan şu döwründe ondan netijeli peýdalanylmasa, onuň yzygiderli üpjünçiligi peselip, bahasy gymmatlar. Daşky gurşawa degişli meseleler hem göz öňünde tutulyp, jaýlarda energiýanyň isripsiz peýdalanylmagy üpjün edilýär. Öýlere ornaşdyrylan “akylly” ulgam haýsy otagyň haçan ýyladylmalydygyny, ýagtyltmalydygyny öý abzallarynyň haýsysynyň näçeräk energiýa sarp edýändigini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Ýaşaýyş jaýlarynda we edara-kärhanalarda energiýany iň tygşytly sarp edýän “A” klasyna degişli enjamlary ulanmak arkaly zaýaçylygyň öňi alynýar. Önümçilikde bolsa, Gün, gidroelektrik, ýel ýaly arassa energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanmak, olar sarp edijilere ýetirilende, energiýa çeşmesiniň akýan ugrundaky ýitgileri azaltmak hem göz öňünde tutulýar.
Gatnawyň “akyllanmagy”: ýol hereketindäki ulaglaryň sanynyň barha artmagy bilen emele gelýän ýol dyknyşygy wagtyň, ýangyjyň ýitirilmegine, howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar. Bu meseläniň öňüni almakda gatnawyň kadaly bolmagy üçin maglumat tehnologiýasyndan peýdalanylýar. Şäheriň belli nokatlarynda goýlan sensorlardan alnan maglumatlar arkaly sürüjilere ýol gatnawynyň has az ýerleri, barjak ýeriniň gysga ýoly salgy berilýär. Çatryklarda goýlan “akylly” ýol yşyklary gatnawyň köp tarapyna has köp ýol berip, dyknyşygyň öňüni alýar. Jemgyýetçilik ulaglary üçin aýratyn ýollar bolup, ýolagçylar üçin has uly ýeňillikler döredilýär.
Umumy elektron ulgam: ösen infrastruktura ulgamy arkaly raýatlara ýa-da müşderilere iberilýän hatlar ýa-da dürli tölegler elektron usullar arkaly amala aşyrylyp, ýaşaýjylaryň ýol hereketine çykmagy azaldylýar. Dürli töleg kartlarynyň ornaşdyrylmagy, kagyz biletleriň ýerine elektron kartlaryň bolmagy ýol hereketiniň ýeňilleşmegi bilen bir hatarda, kagyzyň sarp edilişini hem azaldyp, daşky gurşawa oňyn täsir edýär.
“Akylly” binalar: energiýanyň 40 göterimi binalarda sarp edilýär. Onuň sarp edilişini azaltmak üçin ähli ýaşalýan ýerler we ymaratlar sensorlar bilen enjamlaşdyrylýar. Olardan toplanan maglumatlar arkaly energiýanyň sarp edilişi, howpsuzlyk, izoliýasiýa ýaly birnäçe ugurda öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Hatda bina öz sarp edýän energiýasyny öndürip bilýär. Şeýle hem suwuň tygşytly ulanylmagy, zyňyndylaryň gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylmagy ýaly birnäçe işleri edip bolar.