Çaý dünýäniň dürli halklarynyň lezzet alyp içýän içgileriniň biri hasaplanýar. Ol Ýer ýüzünde giňden ýaýramak bilen çäklenmän, onuň dürli görnüşleri ýakymly tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Oba hojalyk edarasy çaýyň iň köp içilýän ýurtlarynyň sanawyny taýýarlady. Şol sanawyň birinji we ikinji ornuny degişlilikde dünýäniň iň gür ilatly döwletleri bolan Hytaý bilen Hindistan eýeleýär. Üçünji orun Türkiýä degişlidir.
Maglumatlara görä, dünýäde ýylda ortaça adam başyna 1 kilograma golaý çaý sarp edilýär. Türkiýe Respublikasynda bu görkeziji bir ýylda jan başyna 3 kilogramdan gowrak çaý sarp edilýär. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýda her ýyl ortaça 1 million 600 müň kilogram çaý içilýär. Hindistanda bu görkeziji ýylda 1 million tonna golaýlaýar. Türkiýede bolsa, bu möçber 240 müň tonna barabardyr. Ýurtlaryň ilat sanyna seredeniňde, iň köp çaý içilýän ýurt Türkiýe hasaplanýar.
Şeýle hem çaý ösdürip ýetişdirmekde-de Hytaý birinji orunda durýar. Bu ýurtda her ýyl 176,3 müň gektardan 1 million 940 müň tonna çaý öndürilýär. Şeýle hem Hindistan, Şri-Lanka, Keniýa, Indoneziýa, Wýetnam, Mýanma we Türkiýe ýaly döwletlerde-de çaý köp mukdarda ýetişdirilýär.