Gün şöh­le­si­niň te­bi­gy ýag­daý­da mik­rob­la­ry öl­dür­ýän­di­gi yl­my taý­dan su­but edil­di. Ýa­şa­ýyş üçin ze­rur bolan  Gün şöhlesi ösüm­lik­le­riň ös­me­gin­e, adam be­de­ni­niň D wi­ta­mi­ni­ni al­ma­gy­na ýardam edýär. Gü­ne­şiň ýa­şa­ýyş üçin baş­ga-da peý­da­sy­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. ABŞ-nyň Ore­gon uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri, esa­san, to­zan­daky we kir­däki bak­te­ri­ýa­la­ry bar­lap gör­dü­ler. Yl­my to­pa­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Aş­kan Fa­hi­mi­por Gün şöh­le­si­niň düş­ýän ýe­rin­de bak­te­ri­ýa­la­ryň ýa­şa­mak we kö­pel­mek müm­kin­çi­li­gi­niň iki es­se azal­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar. Alym­lar Gü­ne­şiň ýok ed­ýän bak­te­ri­ýa­la­ry­nyň dem alyş ýol­la­ry­na ze­per ýe­tir­ýän bak­te­ri­ýa­lar­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy Ke­win Wan Den Wi­me­len­berg hä­zi­re çen­li Gü­ne­şiň ýag­ty­lyk we umu­my sag­lyk ba­bat­da peý­da­ly­dy­gy­nyň mä­lim­di­gi­ni, in­di bol­sa, onuň ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­na hem tä­sir ed­ýän­di­gi­niň anyk­la­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bu açyş ar­ka­ly tä­ze gu­rul­jak bi­na­lar­da içer­ki ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy üçin Gün şöh­le­sin­den has köp peý­da­lan­ma­ga de­giş­li taslamalar hem taý­ýar­la­nar. Esa­san mek­dep, has­sa­ha­na, söw­da mer­kez­le­ri ýa­ly has gelim-gidimli ýer­le­r­de ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy üp­jün edi­ler.