Ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy adam sag­ly­gy we te­bi­gat üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da has hem ile­ri tu­tul­ýar. Hü­när­men­ler ho­wa­ny ha­pa­la­ma­ýan teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek üçin ýüz­ler­çe tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Glo­bal de­re­je­de ho­wa goý­be­ril­ýän gaz­la­ryň 2 gö­te­ri­mi­ne ýo­lag­çy uçar­la­ry se­bäp bol­ýar. Öňü­miz­dä­ki iki ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň iki es­se art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şol se­bäp­li hü­när­men­ler elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýa-da gib­rid he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri we beý­le­ki tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Angliýanyň Bed­ford­şir­dä­ki Kranf­ýeld uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri bol­sa, su­wuk wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ýo­lag­çy uçar­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek üçin 3,5 mil­li­on funt ster­ling bö­lü­nip ber­lip­dir. In­že­ner­ler wo­do­rod bi­len iş­le­ýän uça­ryň ýüz­be-ýüz bol­jak kyn­çy­lyk­la­ry­ny ara­dan aýyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Su­wuk wo­do­rod bi­len iş­le­ýän uça­ryň ho­wa hiç hi­li kö­mür­tur­şy ga­zy­ny goý­ber­me­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tut­sak, bu tas­la­ma­nyň ho­wa­ny ep-es­li de­re­je­de aras­sa sak­la­ma­ga go­şant goş­jak­dy­gy­ny aýt­sa bo­lar.
Hü­när­men­ler ýan­gy­jyň aras­sa gör­nü­şi­niň sak­lan­ma­gy, ba­ha­sy­nyň el­ýe­ter­li ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi ýa­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ça­lyş­ýar. Yl­my to­pa­ryň ag­za­la­ry wo­do­ro­dyň di­ňe daş­ky gur­şaw ba­bat­da däl, or­ta we uzak möh­let­de yg­ty­bar­ly we el­ýe­ter ba­ha­ly bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar. Tas­la­ma­nyň 2030-njy ýyl­lar­da taý­ýar edil­jek­di­gi nygtalýar. Hal­ka­ra Ho­wa Gat­naw­la­ry Bi­le­le­şi­gi­ne gö­rä, dün­ýä­de uçar ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny­nyň 2037-nji ýy­la çen­li 8,2 mil­li­ar­da ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Uçar­la­ryň sa­ny­nyň gün-gün­den kö­pel­me­gi, onuň te­bi­ga­ta ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny hem art­dyr­ýar. Kä­bir şe­re­ket­ler bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar. Em­ma ola­ryň äpet uçar­la­ry howa galdyrmak üçin ýe­ter­lik däl­di­gi bel­le­nil­ýär. Şol se­bäp­li, ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň di­ňe ýer­de wag­ty güwwüldisini azalt­mak üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­ler iş­le­nip dü­zül­ýär.