Ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu mö­hüm stra­te­gik ul­gam­da ýur­du­my­zyň ama­la aşyr­ýan tas­la­ma­la­ry hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­hat­çy­lyk, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Ýur­du­myz dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ýag­daý­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ulag ul­ga­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gyn­dan ugur alyp, bu ba­bat­da döw­re­bap dü­züm­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne örän uly üns ber­ýär hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş­lar bi­len aý­ry-aý­ry döw­let­ler bi­len bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hem bi­le­lik­de se­bit we trans­kon­ti­nen­tal äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar we ola­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Muňa Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ni my­sal hök­mün­de ag­zap bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň 10 aýyn­da HHR-den bi­ziň ýur­du­my­zyň üs­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na kon­teý­ner­li ýük­le­riň ge­çi­ril­me­gi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 1,5 es­se art­dy. Hy­taý – Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran ug­ru­nyň umu­my uzyn­ly­gy 10 müň ki­lo­met­re go­laý­dyr. HHR-iň dür­li se­na­gat mer­kez­le­rin­den ibe­ril­ýän de­mir ýol dü­züm­le­ri­niň ýol­ geçýän wag­ty bol­sa, iki hep­de tö­we­re­gi­dir, bu bol­sa de­ňiz ýo­ly bi­len de­ňeş­di­ri­len­dä­ki­den or­ta­ça iki es­se çalt­dyr.
Ýo­ly geç­me­giň wag­ty­nyň ke­mel­me­gi, de­giş­li­lik­de, şol ug­ruň yk­dy­sa­dy dü­şe­wünt­li­li­gi­ni art­dy­ryp, ulag çyk­da­jy­la­ry­ny azald­ýar. Şo­nuň üçin hem Ga­za­gys­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran de­mir ýo­ly hä­zir se­bit­de ýük da­şa­ma­gyň esa­sy ug­ru­na öw­rül­mek bi­len, se­bi­tiň iri yk­dy­sa­dy mer­kez­le­ri­ni bag­la­nyş­dyr­ýar.
Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, Ser­het­ýa­ka – Ak­ýaý­la de­mir ýo­ly bo­ýun­ça ýük da­şa­ly­şy­nyň muk­da­ry­nyň 3,5 es­se art­ma­gy hem mu­nuň gü­wä­si­dir. Şol ugur bi­len Eý­ran­dan Türk­me­nis­ta­nyň üs­ti bi­len Ga­za­gys­ta­na hem-de yzy­na gaý­dy­lan­da bol­sa, ýük da­şa­ly­şy­nyň möç­be­ri 2 es­se art­dy.
Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Tä­ji­gis­tan po­lat ýo­ly hem Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ulag­lar­da ýük da­şa­ma­gyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi bol­dy. 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ker­ki – Ymam­na­zar – Aki­na de­mir ýo­ly – Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy ulan­ma­ga be­ril­di. Ol Hy­ta­ýa, Hin­dis­ta­na, Pa­kis­ta­nyň de­ňiz port­la­ry­na çy­kal­ga­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2018-nji ýyl hem ulag ul­ga­myn­da iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na bes­len­di. Şu ýylyň few­ral aýyn­da Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy de­mir ýo­ly ulan­ma­ga be­ril­di. Po­lat ýol­lar hem-de aw­to­ýol­lar Tur­gun­dy şä­he­ri­ni Aş­ga­bat bi­len, soň­ra Ha­zar­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra por­ty bi­len bir­leş­dir­ýär. On­dan aň­ryk ge­çel­ge Ha­za­ryň üs­ti bi­len Ba­ku­wa çen­li, soň­ra bol­sa, Tbi­li­si­niň üs­ti bi­len An­ka­ra we Stam­bu­la çen­li do­wam eder.

Agajan ATAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mugallymy.