Günorta-gündogar Aziýadaky Borneo adasyndaky bir gowakdan tapylan şekiliň häzire çenli tapylan iň gadymy suratdygy mälim edildi. Azyndan 40 müň ýyl bilen senelenen şekiliň suratyň iň gadymy nusgasydygy çaklanylýar. Bu şekillerde hyýaly görnüşler däl-de, hakyky bar bolan zatlar suratlandyrylypdyr. Hünärmenler haýsy haýwanyň suratlandyrylandygyny anyklap bilmediler, emma onuň sebitde ýaşaýan ýabany öküzdigini çaklaýarlar. Dünýäniň 3-nji uly adasy Borneo Malaýziýa, Indoneziýa we Bruneý döwletlerine degişli bolup, gadymy surat Indoneziýanyň Gündogar Kalimantan sebitindäki daglyk ýerden tapylypdyr. Häzire çenli bu gowakda taryhdan ozalky döwürlere degişli müňlerçe suratdyr çyzgynyň üsti açyldy. Olaryň arasynda hyýaly suratlandyrmalar we simwollar hem bar. Taryhdan ozalky döwre degişli sungat babatda uly işler bitiren Fransiýadaky Bordo uniwersitetiniň mugallymy, professor Françesko d’Errikonyň aýtmagyna görä, örän giň meýdany öz içine alýan sebitde onlarça gowak bolup, olarda ençeme surat bar. Şeýle hem täze açyşyň örän uly arheologik açyşdygyny belleýär. Ylmy barlaga gatnaşan Awstraliýadaky Griffith uniwersitetiniň hünärmeni Maksime Obertiň aýtmagyna görä, häzire çenli senelendirilen iň gadymy gowak sungaty suratynda, anyklanmadyk haýwan bolup, onuň Borneo tokaýlarynda häzir hem ýaşaýan bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar. Ylmy barlagda suratyň senelenmegi üçin kömür aşgarly usuldan peýdalanyldy. Gowakda adamyň şekili hem çekilipdir. Olaryň 13 müň 600 ýyllykdygy aýdylýar. Hünärmenler gowak sungatynyň Borneo adasynda 52 müň bilen 40 müň ýyl ozalky döwürlerde kämilleşendigini belleýärler. Açyş edilen ýerde ozal arheologik gözlegleriň geçirilmändigi, şol sebäpli, bu ýerde başga-da açyşlaryň bolup biljekdigi aýdylýar.