Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça goň­şy bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk hem-de hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup, hil taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­ka­ryl­dy. Mu­ňa iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar hem-de öza­ra ama­la aşy­ry­lýan sa­par­lar sal­dam­ly go­şant goş­ýar. 2017-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ryn­dan soň­ra şu ýy­lyň 21-22-nji no­ýab­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len gel­di. Bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň berk bin­ýa­dy­nyň tu­tul­ma­gy­na uly iter­gi ber­di. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da 20-den gow­rak yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Be­lent mer­te­be­li myh­man, türk­men top­ra­gyn­da ýur­du­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri bi­len gar­şy alyn­dy. Paý­tag­ty­myz­da­ky Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­syn­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Res­mi da­ba­ra­dan soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­de iki­çäk gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler hem-de iki ýurduň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňel­di­len dü­züm­dä­ki gep­le­şik­le­re gat­naş­dy­lar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hem üs­tün­lik­li gat­na­şyk edip, se­bit hem-de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň umu­my­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bu berk bin­ýa­da esas­lan­mak hem-de ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, mun­dan beý­läk-de umu­my aba­dan­çy­ly­gyň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yg­lan eden Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­gyň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew Aş­ga­ba­da res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mä­ge ça­ky­ly­gy hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin mil­li Li­de­rimi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni bel­le­di.
Azer­baý­jan­da dost­luk­ly Türk­me­nis­ta­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den gu­wan­ýar­lar di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man aýt­dy we öz sa­pa­ry­nyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­läp, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ta­rap­lar şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lanma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-azer­baý­jan gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da, esa­san hem, söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri giň ge­rim­de mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ugur­la­ry ba­bat­da pi­kir al­şyl­dy. Go­laý­da ke­nar­ýa­ka döw­let­le­r ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek, pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk deň­zi hök­mün­de Ha­za­ryň de­re­je­si­ni ber­kit­mek bo­ýun­ça tagal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Ulag ul­ga­my türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup, bu ugur­da üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­nymyz bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, Ýew­ro­pa çyk­ýan Ow­ga­nys­tan – Türk­me­nis­tan – Azer­baý­jan – Gru­zi­ýa – Tür­ki­ýe (La­zurit) ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça gol çe­ki­len yla­la­şy­gy anyk my­sal hök­mün­de ge­tir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li hal­ka­ra dü­züm­ler – TRA­SE­KA, hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi (IRU) ýa­ly dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Edil Türk­me­nis­tan ýa­ly, Azer­baý­jan hem bu ugur­da döw­re­bap dü­zü­me, hu­su­san-da, port dü­zü­mi­ne eýe bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi aw­to­mo­bil-pa­rom hem-de de­mir ýol-pa­rom gat­naw­la­ry, kö­pu­gur­ly lo­gis­ti­ka ul­ga­my bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­naşyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri şert­len­dir­ýär.
Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Iki ýur­duň hö­kü­met we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag, ylym-bi­lim, de­ňiz söw­da gat­na­wy­ny ös­dür­mek, iki ýur­duň de­ňiz söw­da port­la­ry­nyň ara­syn­da ýük ge­çir­me­le­ri­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça 20-den gow­rak res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Bu yla­la­şyk­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky res­mi­na­ma hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Hu­su­san-da, gol çe­ki­len yla­la­şyk­la­ryň ha­ta­ryn­da ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň köp­dü­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Aý­ra­tyn hem, iki ýur­duň ara­syn­da bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len ulag, üs­ta­şyr ge­çir­mek we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Şeý­le hem ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da iki ýur­duň Prezi­dent­le­ri Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­di­ler.
Soň­ra iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gy, gur­luşyk, se­na­gat, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly gel­je­gi uly pu­dak­lar­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­niň giň to­pa­ry­na se­re­di­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ener­ge­ti­ka ug­ru­ny gör­kez­di. Şun­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni se­bit we hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler bar. Bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky hö­kü­meta­ra to­par iş­le­ýär, ol örän köp iş­le­ri bi­tir­ýär hem-de gel­jek­de ne­ti­je­li iş­le­ri ugur edin­ýär.
Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni be­ýan edip, mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de do­gan­lyk türk­men top­ra­gyn­da bol­mak bi­len ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şin­dä­ki ga­za­ny­lan­lar bi­len ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri sö­zü­ni do­wam edip, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň jem­le­nen­di­gi­ni hem-de mun­dan beý­läk öza­ra he­re­ket et­me­giň ýol­la­ry­nyň bel­le­nen­di­gi­ni aýt­dy. Res­mi­na­ma­la­ryň 20-den gow­ra­gy­na gol çe­kil­di. Ola­ryň her bi­ri anyk hä­si­ýe­te eýe­dir. Bu bol­sa, türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň de­re­je­si­niň, hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­niň hem-de ta­rap­la­ryň mak­sat­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­ge do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Di­ňe ýa­kyn ýurt bi­len dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­leş­mek müm­kin­dir di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man nyg­ta­dy. Biz gel­jek­de hem hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da we dü­züm­ler­de bi­rek-bi­re­ge öza­ra gol­daw ber­mek ba­ra­da ylalaş­dyk. Bu eý­ýäm ada­ty ýag­da­ýa öw­rül­di. Bu hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­my­zyň tüýs ýü­rek­den ama­la aşy­ryl­ýan­dygy­ny gör­kez­ýär di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny bel­le­di.
Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan ge­çen ýyl­lar­da döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni we lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek üçin uly iş­le­ri ge­çi­rip, ugur­daş ýö­rel­ge­le­re eýer­di­ler di­ýip, goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny bel­le­di. Mu­nuň özi te­bi­gy ýag­daý­dyr, çün­ki ol bi­ziň ýurt­la­ry­my­za we halk­la­ry­my­za ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu ýyl Türk­me­nis­tan­da we Azer­baý­jan­da hal­ka­ra söw­da port­la­ry­nyň şol birwagt­da, şol bir aý­da – maý aýyn­da açyl­ma­gy hem tö­tän­den däl­dir.
Ba­ku­wyň Al­ýat hal­ka­ra söw­da por­tun­da Türk­me­nis­tan­dan goş­ma­ça ýük­le­ri ka­bul et­mek üçin ýö­ri­te ýer be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz “Gün­do­gar – Gün­ba­tar”, “Gün­ba­tar – Gün­do­gar” ugur­la­ry bo­ýun­ça döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da üs­ta­şyr gatnaw­la­ryň art­ýan­dy­gy­ny gö­re­ris di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny nyg­ta­dy. Ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­ly­lyk­da, ge­çen ýyl Ba­ku – Tbi­li­si – Kars de­mir ýo­lu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti hem bel­le­nil­di.
* * *
Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýur­du­my­za ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, şeý­le hem 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de we­pat bo­lan­la­ryň ha­ty­ra­sy­na ebe­di­leş­di­ri­len “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na ba­ryp gör­di. Şeý­le hem be­lent mer­te­be­li myh­man paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy we Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­di.