Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­lim ul­ga­my­nyň has-da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ba­ba­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­r bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mä­ge, san­ly se­riş­de­le­ri giň­den peý­da­la­nyp, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­ma­ga we onuň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa, be­ril­ýän bi­li­miň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk bol­ma­gy­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
“San­ly bi­lim ul­ga­my por­ta­ly” Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­my üçin düýp­li tä­ze­lik bo­lar. Ýag­ny, bu por­ta­lyň hyz­ma­ty­nyň çä­gin­de okuw­çy­la­ryň oka­jak ki­tap­la­ry­nyň elekt­ron gör­nüş­le­ri­niň her bi­ri üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy, ola­ryň her gün­ki te­ma­lar bi­len bag­ly tä­ze­lik­le­ri­niň üs­tü­niň ýe­ti­ri­lip dur­ul­ma­gy, her bir okuw­çy­nyň öz­le­ri­niň bu ba­ra­da­ky şah­sy pi­kir­le­ri bi­len dü­şün­je­le­ri­ni paý­la­şyp bil­mek­le­ri­ üçin uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, her bir okuw­çy­nyň wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga, az wag­tyň için­de köp mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga-da peý­da­sy bo­lar.
Ýur­du­my­zyň gel­je­gi ýaş nes­liň elin­de­dir. Şol se­bäp­li ýaş­la­ry­my­zyň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­lim al­mak­la­ry ze­rur­dyr. Bu mak­sat­la­ry göz öňün­de tut­mak bi­len ,“San­ly bi­lim ul­ga­my por­ta­ly­nyň” gel­jek­de bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­de mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň alyp bar­ýan öz­gert­me­le­ri­ne gol­daw bol­ja­kdy­gy­na berk ynan­ýa­rys.

Ma­ral Jum­my­ýe­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.