Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlygy Awstriýanyň guramagynda halkara sammit geçirildi. Wenada iki günläp dowam eden Ýewropa Bileleşigi-Afrika sammitinde sebitleriň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilaty çalt depginler bilen artýan Afrika ýurtlarynda soňky ýyllarda ykdysady taýdan hem uly öňegidişlikler gazanylýar. 2050-nji ýyla çenli sebitiň ilatynyň 2 milliarda ýetmegine, asyryň ahyrynda 4 milliard bolmagyna garaşylýar. Ýerasty we ýerüsti baýlyklary ummasyz bolan Afrika soňky ýyllarda daşary ýurt maýasyny has köp çekýär. Sammitde çykyş eden Awstriýanyň kansleri Sebastýan Kurs maslahatyň diňe bir taraplaýyn maýa goýumy däl-de, geljegiň senagatlary we harytlary üçin uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy döretmek üçin ädilen ädimdigini belledi. Maslahatda innowasiýa, sanlaýyn döwür, durnukly energiýa, bilim, elektron söwda, aragatnaşyk, oba hojalygy we ösüş taslamalary ýaly temalarda hem meseleler gozgaldy. Sammite halkara guramalaryň ýolbaşçylary, döwlet we hökümet ýolbaşçylary, maýadarlar, telekeçiler we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdy.
Ýewropa Bileleşiginiň maglumatlaryna görä, Afrikanyň global söwdasynyň 36 %-i, gönüden-göni maýa goýumyň 40 %-i Ýewropa Bileleşigine degişli. Ýewrokomissiýanyň başlygy Žan-Klod Ýunker Afrikanyň dostluga we hyzmatdaşlyga zerurlyk duýýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň ýewropalylar üçin hem örän ähmiýetlidigini belleýär.