Taryhy çeşmelerde puly mundan 2600 ýyl ozal lidiýalylaryň oýlap tapandygy aýdylýar. Irki döwürde harytlaryň alyş-çalşygynda deri, duz, peýnir we beýlekiler töleg serişdesi hökmünde ulanylypdyr. Pul hökmünde ilki gymmatly metallardan zikgelenen şaýylyklar ulanylan bolsa, soňlugy bilen kagyz banknotlar hem dolanyşyga girizilýär. Häzirki döwrümizde tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, şaýylyklaryň we banknotlaryň ulanylyşy hem azalýar. Dünýäniň islendik ýurdunda-da häzirki wagtda jemgyýetçilik ulaglarynda, aragatnaşyk hyzmatlarynda we beýleki birnäçe ugurlarda nagt puldan örän az peýdalanýarlar. Käbir ýurtlarda bolsa, bölek söwda hasaplaşygynda nagt pul hasaplaşygy ýok diýen ýaly. Bu ugurda Şwesiýa, Gollandiýa, Daniýa we Norwegiýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Bu ýerlerde nagt tölegi hiç hili kabul etmeýän dükanlar hem köpelýär. 2020-nji ýyla çenli Ýaponiýa sanlaýyn pul çykarmagy, Günorta Koreýa nagt hasaplaşygy tutuşlygyna diýen ýaly aradan aýyrmagy maksat edinýär. Keniýada we Tanzaniýada ýaşaýan millionlarça adam aýlyk alanlarynda, töleg tölänlerinde we bölek söwdada nagt däl usuldan peýdalanýar. Afrikada we beýleki birnäçe ýurtda hem giňden ulanylýan bu usuldan peýdalanmak üçin bank müşderisiniň ýönekeý el telefonynyň bolmagy ýeterlik. Ösen ýurtlarda “Apple Pay”, “PayPal”, “Alipay” we “Venmo” ýaly smartfon applikasiýalary edil bank kartlary ýaly gündelik durmuşda giňden ýaýrandyr. Aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde, el telefonlarynyň töleg üçin peýdalanylmagy birnäçe ýurtda nagt hasaplaşygynyň görnetin azalmagyna getirdi. Dünýäniň ähli ýerinde ýöreýän halkara töleg ulgamlary bolsa, ýat ýurtlara gidilende hem ýanyň bilen nagt pul äkitmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Bu ugurda soňky ýyllarda Hindistanda hem uly öňegidişlikler gazanyldy. Banknotlaryň käbiri dolanyşykdan aýryldy, elektron söwdany höweslendirýän düzgünler girizildi.
Tölegiň islendik görnüşinde nagt däl usuldan peýdalanmagyň diňe bir müşderiler üçin däl, eýsem, banklar we tölegi kabul edýän edaradyr şereketler üçin hem amatlydygy bellenilýär.
Aýjeren Seýitmämmedowa,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň talyby.